ERKEKLERIŇ EMJEGI NÄME SEBÄPDEN ÇIŞÝÄR?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.44 (9 Ses)

Hormatly okyjy!

Siz öz hatyňyzda ýaşyňyzy görkezmeýärsiňiz. Jynsy taýdan ýetişmeklik bilen häsiýetlendirilýän ýetginjeklik döwründe hem ýigidiň süýt mäzleriniň ulalmagy (ginekomastiýa) bolup geçip, bu ýagdaý kadada iki ýyldan uzak saklanmaly däldir.

Köplenç ginekomastiýa bedende erkeklik gormonlaryň – androgenleriň täsiriniň bozulmagy netijesinde ýüze çykyp biler. Bu ýagdaý ýumurtgajyklaryň sowuklama ýagdaýy, olaryň täze döreme kesellerinde döräp biler.

Erkek bedeninde aýal gormonlary bolan estrogenleriň ýokarlanmagy hem ginekomastiýa getirip, bu ýagdaý ýumurtgajyklaryň jynsy öýjükleriniň we böwregüsti mäziň täze döremelerinde ýüze çykyp biler. Beýnide ýerleşýän gipofiz mäziniň täze döremeleri prolaktin gormonynyň köp işlenilip çykarylmagynyň sebäbi bolup, süýt mäzleriniň ulalmagyna getirip biler. Ondan başga-da, relanium, metildopa, rezerpin, spirinolakton, winkristin, simetidin, mielosan derman serişdeleriniň hem wagtlaýyn ginekomastiýa getirip biljekdigini ýatdan çykarmaly däldir. Ginekomastiýanyň bejergisi onuň döremegine sebäp bolan keseliň bejergisine baglydyr. Ýetginjeklik döwründe süýt mäzleriniň ep-esli ulalmagy bolsa, plastiki operasiýany geçirmek zerurlygyny döredýär.

Size barlagdan geçmek üçin endokrinolog lukmana ýüz tutmagyňyzy maslahat berýäris.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.