MENIŇ UJYDYMYŇ IŞJEŇLIGI PESELDI, BU IMPOTENSIÝANYŇ ALAMATYMYKA?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.71 (7 Ses)

Hormatly okyjy!

Siziň beýan edýän alamatlaryňyz erkeklik jyns ulgamynyň sowuklama ýagdaýy netijesinde dörän jynsy gowşaklykdan habar berýär. Belki, bu ýerde psihologiki sebäpler hem bardyr.

Täzeden barlagdan geçip, sebäbi anyklamak we bejergini bellemek üçin androlog lukmanyna ýüz tutmak gerekdir.

Şeýle hem dörän kynçylyk barada doly maglumaty almak üçin saýtymyzda ýerleşdirilen "Jynsy gowşaklyk" hem-de "Prostatit" atly makalalar bilen tanyşmaklygy maslahat berýäris.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.