V-PILL DERMANY BARADA BILESIM GELÝÄR

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.75 (12 Ses)

Hormatly Akmyrat!

Sizi gyzyklandyrýan V-pill derman serişdesi derman söwdasy bazarynda VigRХ PLUS ady bilen hem belli bolup, onuň düzümine erkeklik jynsy işjeňligine täsir edýän 8 sany ösümligiň goýy gaýnatmasy goşulandyr. Bu derman 1 gerdejikden günde 2 gezek kabul edilip, ony bu tertipde 3 aý içmek maslahat berilýär. Derman ujydyň uzynlygyna we ýogynlygyna ösmegini gazanmaga, jynsy islegiň ýokarlanyp, ujydyň galýan wagtynyň (ereksiýa) dowamlylygyny uzaltmaga kömek edýändir.

Bu derman serişdesi ösümliklerden taýynlanan bolup, ony ulanmaga garşy görkezmeler ýokdur. Ýöne ony bagryň keselleri bolan adamlara seresaplylyk bilen kabul etmek maslahat berilýändir.

Çaga etmek meselesinde ujydyň ululygynyň hiç hili täsiriniň ýoklugyny, bu hadysada tohum öýjükleriniň hil we mukdar taýdan kadalygynyň esasy orun tutýandygyny ýatladasym gelýär. Ir bolup geçýän eýakulýasiýa (dölüň zyňylmagy) babatda anyk sebäpleri ýüze çykarmak üçin androlog lukmanyň maslahatyny almak netijeli bolar.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.