KRIPTORHIZM WE ÖNELGELILIK

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.44 (9 Ses)

Hormatly Mätäji!

Elbetde, bejergi tapgyrlaryny (siz nähili serişdeleri alandygyňyzy beýan etmeýärsiňiz) alyp, ýumurtgajyklarda erkeklik öýjükleriniň emele gelmegini tijendirmäge synanyşmak zerurdyr. Oglanjyklarda ýerine düşmedik ýumurtgajyklara operatiw bejergini ömrüniň birinji 12-18 aýynyň dowamynda (soňky möhlet-2 ýaşa çenli) geçirmek zerur we peýdaly hasaplanýar. Şeýle möhletde geçirilen operatiw bejergi önelgelilik ukybynyň 90%-niň saklanyp galmagyny üpjün edýär. Bejerginiň gijikdirilmegi önelgelilik ukybynyň peselme ähtimallygyny ýokarlandyrýar. Degişli bejergi tapgyry alnyp bolnandan soň, dölüň barlagyny geçirip, bejerginiň netijeleri babatda gaýtadan lukmanyň maslahatyny almak zerurdyr.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.