ADATY DÄL JYNSY GATNAŞYKLAR ZYÝANLYMY?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.68 (131 Ses)

Hormatly okyjylar!

Anal (artbujaga) we oral (agyz boşlugyna) jynsy gatnaşyklary adaty däl jynsy gatnaşyklara degişli bolup, jemgyýetde maşgala jübütleriniň olara dürli garaýyşlary bardyr. Elbetde, olar jynsy gatnaşyklara täzelik girizmäge, maşgala jübütleriniň arasynda seksual gyzyklanmany döretmäge, jynsy gatnaşyklary uzaltmaga mümkinçilik berip bilerler. Meselem, oral jynsy gatnaşyklary aýalyň güýçli orgazma (lezzetlilik duýgusyna) ýetmegine kömek edip biler. Ýöne oňa garamazdan, jübütler üçin adaty bolmadyk gatnaşyklaryň saglyk üçin zyýanly taraplarynyň bardygyny bilmek hem zerur bolup durýandyr.

Anal jynsy gatnaşyklaryň saglyk üçin zyýanly taraplary aşakdakylardan ybaratdyr:

► Göni içegäniň nemli gatlagy, jyns agzalaryna mahsus ýokançlyklar toplumyndan tapawutly ýokançlyklary özünde jemläp, peşew we jyns agzalarynyň sowuklama kesellerine sezewar edip bilýändir. Şonuň üçin hem, maşgala jübütlerine ilki anal, soň jynshana jynsy gatnaşyklary, ýuwunma çärelerini geçirmezden ýa-da prezerwatiwy çalyşmazdan geçirmek bolmaýar;

► Artbujagyň jaýryklarynyň we babasylyň döreme ähtimallygy has hem ýokarlanýar. Çünki taýynlyksyz geçirilen (nemlendiriji serişdeler ulanmazdan) anal jynsy gatnaşyklarda artbujagyň nemli gatlagy şikeslenip bilýändir;

► Tebigat tarapyndan göz öňüne tutulmadyk bolansoň, dowamly geçirilýän anal jynsy gatnaşyklar aýlawly ýerleşýän myşsalary gowşadyp, göni içegäniň aşak düşmegine we howanyň saklanmazlygyna getirip bilýändir;

► Köp jübütler anal jynsy gatnaşyklaryň göwrelilikden doly goraýandygyna ynanýarlar. Ýöne bu beýle däldir. Dölüň tötänleýin jynsy agzalaryna düşmegi netijesinde göwrelilik döräp bilýändir;

► Anal jynsy gatnaşyklaryň oňaýsyz we ýaramaz aýratynlyklary iýmit siňdiriş agzalarynyň keselleriniň döremegi üçin şert döredip bilerler (içegeleriň sowuklama keseli, içiň gatamagy ýa-da içiň geçmegi we baş.).

Oral jynsy gatnaşyklary netijesinde sitomegalowirus, uçuk, merezýel, gepatitiň B we C görnüşi, papillomawirusy ýokuşyp biler. Oral jynsy gatnaşyklary arkaly ýokuşyp biljek papillomawirusyň howply 16-njy we 18-nji görnüşleri bolsa bokurdagyň rak keselini döretmäge ukyplydyrlar.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.