JYNSY HÖWESI NÄDIP DÖREDIP BOLÝAR?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.94 (156 Ses)

Hormatly okyjymyz!

Jynsy höwesiň ýitmegi ýa-da peselmegi bedende ýüze çykýan näsazlyklar we psihologiki kynçylyklar netijesinde ýüze çykyp biler.

Endokrin bozulmalary, aýal jyns agzalarynyň sowuklama keselleri, göwrelilik ýagdaýynda, dogrumdan soňky döwürde (esasan hem dogrumdan soň ýüze çykýan gamgynlylyk ýagdaýy dörände) jynsy gatnaşygy geçirmäge isleg peselip biler. Oňa garamazdan, är-aýal gatnaşyklarynda döreýän sowuklyk, biri-biriňden öýkelemek, kine saklamak, ynanmazçylyk jynsy gatnaşyklara islegi peseldip biler.

Köplenç jynsy gatnaşyklary geçiriş ýagdaýy, erkek adamyň ünssüzligi, bedeniň gyjyndyryjy nokatlaryny, agzalaryny (erogen nokatlar) ýeterlik oýandyrmazlygy, ýanaşma wagty saýlanyp alnan ýagdaýyň (pozalaryň) oňaýsyzlygy jynsy sowuklygyň ýüze çykmagyna itergi berip biler.

Birinji geçirmeli çäre – adamyňyz bilen içgin gepleşiň.

Jynsy gatnaşyklarda Size nämäniň päsgel berýänligini, nämäniň ýetmeýänligini bile düşünjek boluň.

Adamyňyzyň pikirini bilip, seksual durmuşyňyza täzelikleri girizme (söýgüňizi ýygy-ýygy beýan edip durma, jynsy gatnaşyklary başga ýagdaýda, jaýda geçirmek, oňa taýynlyk döwrüni duýgular we hereketler bilen baýlaşdyrmak) bu ugurda ilkinji peýdaly ädimler bolar.

Beden we nerw ulgamy bilen bagly seksual bozulmalary aradan aýyrmak üçin seksopatolog lukmanlara ýüz tutmak ýerlikli bolar.

Hormat bilen saýtyň lukmany.