BU KESELMI?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.09 (75 Ses)

Hormatly okyjy!

Jynsy gatnaşyk başlanandan döli dökme (eýakulýasiýa) ýagdaýyna çenli geçýän wagt her jübütlerde aýry-aýry wagt aralygyna eýe bolup biler. Ýörite geçirilen barlaglarda jynsy gatnaşygyň dowamlylygynyň 1 minut 14 sekund – 3 minut 34 sekund wagt aralyga, ortaça dowamlylygynyň bolsa 2 minut 2 sekunda deň bolanlygy görkezildi. Eger Siz jynsy gatnaşygynyň dowamlylygyny uzaltmak isleýän bolsaňyz, ujydyň aşa gyjynmagynyň öňüni alyp biljek jynsy gatnaşygy geçiriş ýagdaýyny (poza) saýlaň, wagtlaýyn prezerwatiw ulanyň. Dölüň tiz dökülme ýagdaýlarynyň gaýtalanýan halatlarynda androlog lukmanyň maslahatyny almak peýdaly bolar.

Bu babatda doly maglumaty almak üçin saýtymyzda ýerleşdirilen "Jynsy gatnaşygy "ajadýan" ýene bir sebäp" atly makala bilen tanyşmagyňyzy maslahat berýäris.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.