GABANJAŇLYK: KESELMI ÝA-DA SÖÝGI?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.08 (105 Ses)

Hormatly okyjy!

Gabanjaňlyk duýgusyny başdan geçirmedik adam ýok bolsa gerek. Ol öz gözbaşyny nireden alýan duýgyka? Öz halaýan adamyňdan jyda düşmegiň öňündäki gorkymy ýa-da hususy eýeçiligiň alamaty? Belki-de, gabanjaňlyk söýgi duýgysynyň hemrasy bolup, oňa adatylyk hökmünde garamalydyr.

Biziň hemmämiz öz söýgülilerimiz üçin ýeke-täk bolasymyz gelýär. Bu adaty hem-de düşnükli islegdir. Söýgüli adamsynyň ikilik edýänini duýan haýsy adam beýle ýagdaýa arkaýyn garap biler? Şeýle ýagdaýlarda gabanjaňlygyň döremegi garaşylýan, kanunalaýyk ahwalat bolup biler. Ýöne köplenç bu duýgy essasyz döräp, onuň ýumrujy häsiýeti jübütleriň aragatnaşygyny bozup biler.

Köp ýagdaýlarda  gabanjaňlyk diňe öz söýgüli adamsyna däl-de, özüne-de ynamlylygy bolmadyk  adamlarda döreýändir. "Ol gyz menden owadan (akylly, syratly we ş. m.) Birden hem ol bu gyzy halaýsa?" diýen pikir gabanjaň adamyny köseýär. Öz-özüňe ynamly bolmazlyk – hemme gabanjaň adamlaryň esasy alamatydyr.

Psihologlar bu häsiýete garşy göreşmek üçin şeýle çäreleri maslahat berýärler:

♦ Bu maslahat ýaňy duşuşmaga başlan ýaşlara degişlidir. Öz aragatnaşyklaryňyzyň uzakmöhletleýin netijesini kesgitläň. Eger oglan bu aragatnaşyga  wagt geçirme hökmünde garaýan bolsa, Siziň hem onuň bilen durmuşy çynlakaý meýilleşdirmegiňiziň manysy ýokdur. Ýöne gyz bu gatnaşyga çynlakaý garaýan bolsa, elbetde, onda gabanjaňlyk duýgusy döräp biler.

♦ Öz jübütiňiz bilen özüňizi alyp barma düzgünleriniň kadasyny kesgitläň. Size adaty bolup görünýän hereket, onuň üçin oňaýsyz, ilden çykgynç bolup, Siziň aragatnaşygyňyzy ajadyp biler.

♦ Özüňize hem-de söýgüliňize "psihologiki giňişligi" dörediň. Wagty özüň üçin sarp etme, joralaryň (dostlaryň) bilen gatnaşmak, hünäriňde ösüş gazanmak, gyzyklanýan zadyň bilen meşgullanmak seni öz duýgularyňa bakna bolmakdan halas edip, başga adama emosional taýdan garaşly bolmakdan gorar. Seniň şahsyýet hökmünde ösmegiňe kömek eder.

♦ Ikiňizi hem gyzyklandyrýan zatlaryň bolmagy wajypdyr. Jübütleri birleşdirýän umumy iş, gyzyklanmalar biri-biriňi gowy tanamaga, ýakynlaşmaga ýardam berer.

♦ Öz-özüňizi gowy görüň, sylaň. Başgalaryň Siz baradaky pikiri, özüňizi daş-töweregiňize görkezişiňize, özüňizi alyp barşyňyza, özüňize berýän bahaňyza, ynamlylygyňyza juda baglydyr. Şeýle özüne ynamly adamlar özüne çekiji bolup, olar bilen tanyşmaklyga ymtylma döreýär.

Gabanjaňlyk duýgusy hem,  edil nahary tagamly edýän goşundylar ýalydyr: az mukdarda ol söýgini berkidip, gözelleşdirýän bolsa, aşa köp mukdarda ony öldürip biler.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.