IÑ ÝOKANÇ KESEL

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.53 (15 Ses)

Hormatly okyjy!

Lukmançylyk edebiýatyna degişli çeşmeleriň habar bermegine görä, iň ýokanç kesel höküminde gyrgyn (çuma) keselini belleýärler. Taryhdan belli bolşy ýaly, bu keseliň döräp birnäçe gezek giňden ýaýramagy (pandemiýalary) 75 mln. adamynyň ölümine sebäp boldy. Diňe 1347-51 ýý. geçen Ýewropadaky pandemiýasy 25 mln. adamynyň janyny alyp gitdi. Şol sebäpli hem, bu keseli "gara ölüm" diýip atlandyrypdyrlar.

Iň howply kesellere, Günbatar Afrikada duş gelýän wirusyň döredýän Lassa gyzdyrmasy, şeýle-de, gemorragiki we Ebola gyzdyrmasy degişli edilse, iň giňden ýaýraýan kesel höküminde dümew keseli tapawutlandyrylýar. Bu keseli 40-a golaý wirus döredip, howa-damja ýoly bilen bu wiruslar ilatyň uly bölegini keselçilige sezewar edip bilýändirler.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.