GYZJAGAZYM NAME ÜÇIN DIK DURANOK?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.63 (8 Ses)

Hormatly okyjy!

Her çaga genetiki ýagdaýyna, beden gurluşyna, saglyk ýagdaýyna, häsiýetiniň aýratynlyklaryna baglylykda, bellenilen umumy kadalardan azajyk üýtgeşik möhletlerde oturmaga, emedeklemäge, ýerinden galyp, ýöremäge ýykgyn edip biler. Esasan, çagalar 8-10 aýlyk möhletde aýaklaryna galyp durmaga başlaýarlar.12-15 aýlyk ýaşda bolsa ýöreýärler. Eger siziň gyzyňyzyň saglyk ýagdaýy we ösüşi kadaly bolup, aýaklarynda dik durmaýan bolsa, diýmek entek wagty däldir.

Çaga çanaklyk-but bognunyň doga zeperlenmelerinde ýa-da çykyklarynda hem dik durma, ýöreme hereketlerini etmekde kynçylyk çekip biler.

Bu sorag babatda Size gözegçilik edýän çaga lukmanynyň ýa-da newropatolog lukmanynyň maslahatyny almak ýerlikli bolar.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.