ÝASYDABANLYLYGY NÄDIP BEJERMELI?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

Hormatly okyjy!

Ýasydabanlylyk – dabanyň aşagynyň tekizlenmegi bilen häsiýetlendirilip, giňden ýaýran keseldir.

Bu ýagdaýy dabany düzüji süňkleriň şikeslenmegi, myşsalaryň ysmazlygy, iglilik keseli döredip biler. Şonuň ýaly-da, semizlik ýagdaýy, oňaýsyz, dar köwüşleriň uzak geýilmegi, ýeterlik bolmadyk fiziki hereketjeňlik netijesinde döreýän myşsalaryň we baglaýjylaryň gowşaklygy ýasydabanlylygyň ýüze çykmagyna getirip biler.

Ýasydabanlylygyň bejergisi agyryny aýyrmaga, dabanyň myşsalaryny we baglaýjylaryny berkitmäge gönükdirilen bolmalydyr.

Agyryny aýyrmak üçin ýörite derman serişdeleri, fizioemleri ulanylýar.

Bejerginiň esasy ýörite düzülen maşklar toplumyny ýerine ýetirmekden ybaratdyr. Ol maşklary ýasydabanlylygyň derejesi, myşsalaryň ýagdaýyna baglylykda ortoped lukmany maslahat berip biler.

Ýasydabanlylygyň beterlemeginiň öňüni almak üçin ýörite taýynlanan ortopediki petekler we köwüşler peýdalanylýar.

Aýagyň uly barmagynyň görnüşi gaty üýtgände, üznüksiz agyrylarda, köwüş geýmek kynçylyk ýüze çykanda bejerginiň hirurgiki usullary geçirilýär.

Bejergi näçe ir geçirilse, şonça-da bejergide ýokary netijeleri almaga mümkinçilik döreýär.

Ýasydabanlylygyň görnüşini, derejesini anyklap, degerli çäreleri geçirmek üçin ortoped lukmanlaryna ýüz tutmagyňyzy maslahat berýäris.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.