BILDE DÖREÝÄN AGYRYLARYŇ SEBÄPLERI WE ALAMATLARY

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.96 (50 Ses)

Adam dik duranda ýa-da ýörände, agram oňurga sütüniniň bil bölümine düşýär. Umumy agramyň esasy bölegini hut oňurganyň bil bölümi göterýär diýsek hem ýalňyşmarys.

Bildäki agyry hemişe biynjalyk edip durmasa, oňa kän bir üns hem berilmeýär. Emma agyry güýjäp, dowamly häsiýete eýe bolanda, lukmana ýüz tutmaly bolýar. Netijede, bu agyrylaryň belli bir kesel sebäpli döreýändigi, käte hirurgiki bejergini geçirme zerurlygynyň ýöze çykýandygy anyklanylýar.

Käbir adamlar bil agyryny adaty alamat höküminde kabul edip, oňa asla üns hem bermeýärler. Umuman, bil agyrynyň ömrüňde bir gezek biynjalyk edip, aýyrlyp gidýän halatlary hem bolýar. Emma köplenç agyry gaytalanyp, adama ezýet baryny berýär.

Bildäki agyry ýüze çykyşy boýunça dürli häsiýetli bolup bilýär:

► Sorkuldaýan agyry adam uzak oturanda ýa-da belli bir ýagdaýda uzak bolanda ýüze çykýar.

► Ýiti agyry duýdansyz, adam oňaýsyz ýagdaýda durka ýa-da egilende ýüze çykýar we oňa gönelmäge mümkinçilik bermeýär.

Agyrlaryň görnüşleri dürli-dürli bolsa-da, olaryň döremegine nerw çogdamjyklaryň gysylmagy we şol netijesinde agyrlaryň döremegi, myşsalaryň çişginliligi, oňurga sütüniniň nerw süýümleriniň gyjynmagy sebäp bolýar. Bu alamatlaryň näme sebäpden ýüze çykýandygyny, şuňa haýsy keseliň sebäp bolandygyny ýörite hünärmeniň (maşgala lukmany, newropatolog, neýrohirurg) kömegi bilen anyklamak zerurdyr.

Esasan hem, 45 ýaşdan uly we 18-20 ýaşly ýaş adamlarda bil agyry hemişelik häsiýete eýe bolanda, olar hökman lukmana ýüz tutmalydyr. Bu oňurga sütüni şikeslenen ýa-da oňa uly agram salma ýagdaýlary başdan geçirenlere-de degişlidir.

Bil agyryda peşewi saklap bilmezlik, iç gatama, gyzgynyň ýokarlanmagy, el-aýagyň ysgynsyzlygy, umumy ýarawsyzlyk, bilde we bedeniň beýleki böleklerinde duýujylygyň ýitirilmegi ýaly alamatlar ýüze çykanda, lukmançylyk barlaglaryndan doly geçmek zerurdyr.

Lukmana ýüz tutmazdan öň, bildäki agyrynyň toplanýan ýerine we alamatlaryna görä, onuň haýsy kesel sebäpli döreýändigini kesgitlemek bolýar. Emma şonda-da özbaşdak bejergi geçirmek maslahat berilmeýär.

Kesel takyk anyklanylmasa, lukmandan başga adamyň maslahatlaryna eýerip, derman serişdelerini ulanmakdan äga boluň.

Bil agyry haysy kesellerde döräp bilýär?

♦ Biliň bir ýa-da iki gapdaly agyrsa, ol agyry piýelonefritiň, aýallarda aýal jyns agzalarynyň keselleriniň, erkeklerde köplenç erkeklik jyns mäziniň alawlama ahwalatynyň (prostatit) alamaty bolup biler.

♦ Bildäki ýiti agyry garnyň aşagyna ýaýrap biynjalyk edende, böwrek sanjylamasynyň, köriçegäniň ýa-da peşew-daş keseliniň alamatydyr.

♦ Bildäki "atýan" häsiýetli ýiti agyry oňurgara ingisiniň ýa-da oňurgadan çykýan nerw çogdamjyklarynyň zeperlenmeginiň (radikulit) alamatlarydyr. Şeýle häsiýetli agyry uludan dem alnanda güýçlenýär, aýaklara ýaýraýar we hereket edilende beterleşýär.

♦ Ýagyrnydaky agyry biliň töwereginde has güýçlenýän bolsa, ol oňurga sütüniniň inçekeseliniň alamaty bolup bilýär. Bu kesele esasan çagalar ýygy duçar bolýar. Oňurga sütüniniň inçekeseliniň esasy alamaty – ýöreýşiň üýtgemegidir. Keseliň bejerilmedik ýagdaýynda, oňurganyň üýtgemegi sebäpli ýagyrnyda örküç emele gelip biler.

♦ Bildäki "çekýän" agyry, esasan göwreli aýallary biynjalyk edýär.

♦ Semizlikden ejir çekýän adamlarda hem bil agyry döräp bilýär. Wagtynda bejerilip, öňüni alyş çäreleri geçirilmedik ýagdaýynda, osteohondrozyň ýa-da oňurgara ingisiniň döreme töwekgelçiligi ýokarlanyp bilýändir.

Bil agyrydan nädip dynmaly?

Bil agyrydan gutarnykly dynmak üçin, oňa sebäp bolan keseli anyklap bejermek zerurdyr. Kesel wagtynda bejerilse, eýýäm bejergi geçirilýän döwründe bildäki agyry gowşap başlaýar. Gelip çykyşyna garamazdan, bil agyry biynjalyk edende, agyrsyzlandyryjy serişdelerini (gerdejik, sanjym, melhem görnüşde) kabul etmelidir. Bil agyrynyň oňurga keselleri sebapli dörändigi anyklanandan soň, bejergi emleriniň toplumynyň utgaşmasy her bir näsag üçin aýratynlykda bellenilýär. Bejergi ýörite maşklary, el bilen täsir etme (manual) bejergisini, owkalamany, iňňe bilen bejergini, görkezme boýunça fiziki usullar bilen bejergini öz içine alýar.

Bil agyrmaz ýaly name etmeli?

♦ Bilde agyry döremez ýaly özüňize aşa fiziki agram salmaň, agyr zatlary götermäň. Agyr zatlary götermeli bolan ýagdaýynda hem, olary dogry götermäge çalşyň: ýüki dik durup eglip alman, çommalyp oturyp, alyp, soň ýeriňizden turuň.

♦ Bir iş bilen uzak wagt meşgullanan ýagdaýyňyzda, aram-aram yeriňizden turup maşk ediň, 10 minut otagyň içinde aýlanyň, öňe, yza, gapdala egilip galyň.

♦ Fiziki maşklara wagt tapylmaýan bolsa, onda işe gideniňizde ýa-da geleniňizde, biraz pyýada yöremegi endik ediniň. Dynç günleri pyýada ýöremek, suwda ýüzmek sizi dürli agyrylardan goramaga kömek edip biler.