SAG PILÇÄNIŇ TÖWEREGINDÄKI AGYRY

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.50 (2 Ses)

Hormatly okyjy!

Siziň belli bir ýagdaýda uzak wagt oturmagyňyz, megerem, pilçe myşsasynyň süýnmegine ýa-da nerw süýüminiň zeperlenmegine getirendir. Şeýle häsiýetli agyrylar, oňurganyň döş bölüminiň osteohondrozy, şol bölümiň oňurgalarynyň döräp başlan ingisi üçin hem mahsusdyr. Dogry sebäbi anyklamak üçin newropatolog lukmanynyň maslahatyny almak ýerlikli bolardy. Eger agyrylaryň sebäbi myşsalaryň zeperlenmesinde bolsa, bu ýagdaýy ýörite maşklaryň we owkalama çäreleriniň kömegi bilen bejerip bolar.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.