ÇÜÝJÜK BOGUNLARY NÄME ÜÇIN ŞAKYRDAÝAR?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.25 (4 Ses)

Hormatly okyjy!

Sizi biynjalyk edýän alamatlar "şyrkyldaýan butlaryň alamat toplumy" şikeslenmelerine mahsus bolup, ol hereketlenmelerde, agyrylar bilen utgaşýan butlarda ýa-da çanaklyk-but (çüýjüklik) bognunda döreýän şakyrdy bilen häsiýetlendirilýär. Siziň suratlandyrýan alamatlaryňyz çatalba däl-de, şu bogun üçin häsiýetlidir.

Bu uly bogunda şykyrdy we agyrylar uýluk süňküni (rus. wertel) gurşap alýan bogun torbajygynyň sowuklama hadysalary, bognuň içindäki bozulmalar (çüýjük oýtumynyň dodajygynyň jaýrylmagy, artroz, koksartroz) sebäpli döräp bilse-de, köplenç ýagdaýlarda bogundaky şykyrdylar we agyrylar but süňküniň kellejiginiň üstünden ýanbaş-bil myşsasynyň dowamly typyp geçmegi hem-de myşsanyň we onuň siňirleriniň şikeslenmeleri netijesinde ýüze çykyp biler. Agyrylar aýagyň ýokary galdyrylmasy netijesinde has hem güýjäp bilýändir.

Bu şikeslenme köplenç sport türgenlerinde we tansçylarda ýygy duş gelýändir.

Bozulmanyň bejergisi sowuklama garşy serişdeleriň (diklofenak, naklofen, aspirin), fiziki emleriň, ýörite maşklaryň ulanylmagyny öz içine alýar. Bu çäreleriň netijesiz bolan halatlarynda hirurgiki usullar (artrotomiýa) ulanylýar.

Sizde dörän alamatlaryň sebäbini we görnüşini anyklamak üçin trawmotolog-ortoped lukmanyna ýüz tutmak peýdaly bolardy.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.