GARAMYK KESELINDEN SOÑ GALAN YZLARY NÄDIP AÝYRMALY?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.86 (7 Ses)

Hormatly okyjy!

Garamyk keselinden soň deride galýan ýara yzlarynyň özbaşdak aýrylyp gitmeýän halatlary hem bolýar. Şunuň ýaly ýagdaý garamygyň ýetginjekler ýa-da uly adamlar tarapyndan geçirilen halatlarynda has hem köp duş gelýär.

Deriňiziň ýagdaýyna, zeperleniş derejesine baglylykda ýara yzlaryndan özbaşdak ýa-da dermatolog lukmanyň kömegi bilen dynyp bilersiňiz. Deri öýjükleriniň dikeldiş işjeňligini ýokarlandyryp, onuň tekizlenmegini gazanmak üçin, özbaşdak kakao ýagyny, C witaminini saklaýan melhemleri, ýüzi owkalama, ýörite her gün ulanmak üçin niýetlenen iýmitlendiriji melhemleri çalmak ýaly bejeriş çärelerini ulanyp bilersiňiz.

Eger bu çäreler oýjagaz bolup duran ýara yzlary aýyrmaga kömek etmese, onda dermatolog-kosmetolog lukmanlara ýüz tutuň. Häzirki zaman kosmetologiýa bejeriş çäreleriniň mümkinçilikleri uly bolup, olar ýara yzlary kollagen bilen doldurmak, deriniň üstki gatlagyny himiki serişdeler bilen aýyrmak,  mikrokristallaryň kömegi bilen bejergi, lazer bilen tekizlemek usullaryny öz içine alýandyr.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.