ÝÜZDÄKI MENEKLERI NÄDIP AÝYRMALY?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.00 (25 Ses)

Hormatly okyjy!  

Beýan edişiňize görä, Sizi ýüzüňizdäki sepgiller (wesnuşka) biynjalyk edýän bolmaly. Sepgiller ýaz we tomus paslynyň gelip, gün söhleleriniň ýitileşmegi bilen köpelip has bildirýändigi bellidir. Olary düýbünden aýryp bolmasa hem, ýörite agardyjy ýapgylar, lazer hem-de mezoterapiýa ýaly ýörite kosmetologiki çäreler bilen solduryp, kosmetiki netijäni gazanmak mümkindir. Bu babatda geçirilmeli çäreler we peýdaly maslahatlary almak üçin saýtymyzda ýerleşdirilen "Ýüzdäki pigmentli menekleriň döreme sebäpleri we olary aýyrmagyň usullary" atly makala bilen tanyşmaklygy maslahat berýäris.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.