DERÄ ÇÜMEN DEL JISIMLER

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.46 (13 Ses)

Hormatly okyjy!

Beden dokumalaryna çümen del jisimleriň daşy (aýna bölejigi, agaç gyryndysy we baş.) birleşdiriji dokuma bilen örtülip, olar hiç ýere süýşmeýärler. Eger Sizi aýna bölejikleri çümen ýerde çişginlilik, gögermeler we başga deriniň üýtgemeleri, agyrylar biynjalyk etmeýän bolsa, howatyrlanmaga esas ýokdur. Ýumşak dokumalarda uzak duran del jisimleri çykarmagyň, onuň galdyrylan ýagdaýynda bolup biljek alamatlardan has köp gaýraüzülmelere getirip bilýändigi üçin, del jisimler belli bir görkezmeler esasynda çykarylýandyr.

Eger Siz dörän ýagdaýy has anyklaşdyrmak isleýän bolsaňyz, onda hirurg lukmanyna ýüz tutuň. Ol öz barlagyndan soň, rentgen barlagynyň kömegi bilen del jisimleriň ýakyn agzalar bilen gatnaşygyny anyklamaga we ýagdaýy aýdyňlaşdyrmaga kömek edip biler.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.