SAKAR SAÇ

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.50 (2 Ses)

Hormatly okyjy!

Dogabitdi nar (hal) ylmy dilde "newuslar" diýip atlandyrylyp, döreýän dokumasynyň görnüşine baglylykda dürli-dürli bolup bilýändir. Dogabitdi nar köplenç, deri melanositlerden (reňkleýji menekleri işläp çykarýan deri öýjükleri) ybarat bolup, olary başgaça "pigment menekleri" diýip hem atlandyrýarlar.

Dogabitdi naryň dürli görnüşleri bolup, olaryň reňkiniň üýtgemegi, ulalmagy çaga lukmanyna ýa-da çaga onkologyna görkezmäge esas döredip biler. Adatça dogabitdi naryň 2-7 ýaş aralygynda ýitip gidýänleri, kä görnüşleriniň bolsa ömürboýy saklanyp galýanlary hem bolýar.

Ýöne täze doglan çagada dogabitdi nara meňzeş, wagtlaýyn döreýän emele gelmeler hem bolup biler. Onuň ýaly deride wagtlaýyn ýüze çykýan döremelere medial menekler, teleangiektaziýalar degişlidir. Olar adatça, çaga 1-1,5 ýaşanda ýitip gidýärler. Dogabitdibitdi newusyň tebigatyny anyklap, gözegçilik etmek üçin çaga lukmanyna ýüz tutuň. Jigiňiziň ýeňsesindäki sary we sakar saçlary öz reňkini, çaga ulaldygyça üýtgedip bilerler. Saçlaryň reňki, ýogynlygy ýa-da inçeligi köp babatda nesilyzarlaýjylyk häsiýete baglydyr.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.