ENDAMYMDA MEŇ KÖPELÝÄR

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.40 (5 Ses)

Hormatly okyjy!

Endamda döreýän meň (hal) – içinde pigmentli (reňkleýji) menekleri saklaýan deri öýjükleriniň toplanmasy netijesinde emele gelýär. Olaryň ýerleşýän ýerine baglylykda, eşigiň degmegi, olary ellemek (gysmak, sürtmek), gün şöhleleriň täsiri netijesinde meňler ulalyp, howply täze döremelere öwrülip bilýärler.

Şonuň üçin hem olaryň ululygyna, görnüşine, reňkine hemişe gözegçilik edip durmalydyr.

Endamdaky meňler babatda dermatolog-onkolog lukmanlaryna ýüz tutmalydyr. Meňleri aýyrmakda elektrokoagulýasiýa, lazer şöhleleri ulanylýar. Bellenip geçilen meňlerden başga-da, deride papillomowirusyň täsiri netijesinde siňňiller hem döräp, meňe meňzeş bolup bilerler. Olary suwuk azodyň täsiri bilen aýyrýarlar.

Dörän emele gelmeleriň tebigatyny anyklamak üçin dermatolog lukmanyna ýüz tutmaklygy maslahat berýäris.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.