BEDENDE DÖREÝÄN ÇIŞJAGAZLAR

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

Hormatly okyjy!

Žirowik (lipoma) – deriniň aşagynda ýerleşýän gaty bolmadyk düwünler bolup, ýag dokumasynyň köpelip bir ýere ýygnanmagy netijesinde emele gelýändir. Olary elläniňde agyryly duýgularyň döremeýändigi hem-de düwünleriň hereketjeňligi lipomanyň esasy alamatlary bolup durýandyr.

Olar esasan kosmetiki kynçylyklary döredip, howply çişlere öwrülýän däldirler.

Lipomalar bedeniň dürli böleklerinde döreseler hem, adamlar olaryň kellede, boýunda, gözleriň aşagynda, gabaklarda dörän halatlarynda lukmançylyk kömegi üçin ýüz tutýarlar.

Olaryň agyrýan ýagdaýlary, çalt ösmegi, ýakynda ýerleşýän beden agzalary hem-de dokumalary basmagy, ýüzde hem-de gözüň aşagynda döräp, kosmetiki kemçiligi döreden ýagdaýlary lipomany aýyrmaga görkezme bolup durýandyr.

Bedende dörän düwünleri anyklamaga hem-de olary aýyrmagyň usulyny kesgitlemek üçin Size onkolog lukmanyna ýüz tutmaklygy maslahat berýäris.

Lipoma aýrylanda diňe ýag dokumasy aýrylman, eýsem onuň daşyny (gabygyny) hem aýyrmak möhümdir.

Operasiýany adaty hirurgiki usul ýa-da lazeriň kömegi bilen amala aşyrýarlar. Düzgün bolşy ýaly, ýara ýeriniň doly bitmegi operasiýadan soňky 1-2 hepdäniň dowamynda bolup geçýär.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.