GOŇAK

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.40 (5 Ses)

Hormatly okyjy!

Kellede goňaklaryň döremegi endokrin ulgamyň işine, deriniň ýagdaýyna, oňa idediliş çärelerine bagly bolup, saçlaryň aşa ýagly ýa-da gury bolmagy, olaryň kömelejikler bilen zeperlenmegi, pes hilli saç reňkleýjileriň, fen bilen guratmagyň täsiri netijesinde kelläniň derisiniň zeperlenmegi, ýuwujy serişdeleriň (şampunlaryň) nädogry saýlanylmagy bu ýagdaýyň döremegine getirip biler.

Görşümiz ýaly, goňaklaryň döremegi köp sebäpli kynçylyk bolup, ony bejermek üçin dermatolog lukmanyň maslahatyny almak dogry bolar.

Dörän kynçylyk barada has giňişleýin maglumaty, saýtymyzda ýerleşdirilen "Alada goýýan mesele: goňak", "Saçlary öý şertlerinde idetmek", "Şampuny nähili saýlamaly?" atly makalalardan tapyp bilersiňiz.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.