ÝÜZDE DÖREÝÄN KISTA

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 1.00 (1 Ses)

Hormatly okyjy!

Dogrudan hem, ýüzde döreýän kistalar bolýar. Öz emele geliş aýratynlyklaryna görä keratinly hem-de dermoid kistalaryny tapawutlandyrýarlar.

Keratinly kistalaryň döremegi ýüzüň derisiniň ýag mäzleriniň çykaryjy ýodalarynyň ýapylmagy bilen düşündirilýär. Köplenç ýüzüň derisinde, boýunda, kelläniň saçly böleginde ýerleşýändir.

Bu kistalar köp halatlarda iriňläp hem-de çişip, agyrynyň döremegine hem sebäp bolup bilýändirler.

Dermoid kistalary ýüzüň emele gelşiniň doga kemçilikleri netijesinde döräp, köplenç agzyň düýbünde, eňekde, burnuň düýbünde, gözhanalarynyň daşky we içki gyralarynda ýerleşýärler. Esasan ýaş adamlarda köp duş gelýändir. Ýüzüň kistalaryny aýyrmak hirurgiki usul bilen amala aşyrylýandyr.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.