ENDAMDAKY TEGMILLER

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.80 (5 Ses)

Hormatly okyjy!

Deride emele gelen tegmilleriň ýerleşýän ýerini, görnüşini, reňkini, özara birleşme häsiýetini anyklamazdan belli kesel kesgidini goýma kynçylyk döredýär. Deride döreýän tegmiller kömelekli ýokançlyklaryň, gülgüne ýa-da kepek görnüşli lişaý, witiligo keselleriniň alamaty bolup bilerler. Size bellenen bejergiden ugur alsaň, sizde  kepek görnüşli lişaý keseliniň dörändigini çaklasaň bolýar. Bellenen bejergini geçirip, alnan netijeleri görkezmek üçin ýene-de  dermatolog lukmana ýüz tutmak peýdaly bolar.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.