ÝÜZÜM NÄME ÜÇIN GYZARÝAR?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.58 (19 Ses)

Ýüzüň gyzarmagynyň sebäbi näme?

Bu ýagdaýyň döremegine ruhy deňagramlylygyň üýtgemegi sebäp bolup biler:

► Emosional dartgynlylyk;

► Stress ýa-da dowamly gamgynlylyk;

► Güýçli tolgunma;

► Utanjaňlyk, özüňe kembaha garama;

► Dürli içki  ruhy çäklendirmeler.

Fiziologiki sebäpler höküminde aşakdaky ýagdaýlary belläp bolar:

♦  Rozaseýa – ýüzüň damarlarynyň duýdansyz giňäp, soň gysylmagy bilen häsiýetlendirilýän kesel;

♦  Gün şöhleleriniň we daşky  temperaturanyň üýtgemegi netijesinde deriniň gyjyndyrylmagy;

♦  Deriniň, şonuň ýaly-da gan damarlarynyň ýiti naharlara, çaýa, kofe içgisine, gyzgyn nahara we alkogol içgisine bolan täsirliligi;

♦  Çilim çekmek hem damarlaryň gysylmagyna, şol esasynda hem deriniň birden gyzarmagyna getirip biler;

♦  Ýüzüň aşa gyzarmagy üç şahaly nerw süýüminiň zeperlenmeleriniň alamaty hem bolup biler;

♦  Antibiotik serişdeleri uzak wagt kabul etmek;

♦  Nädogry saýlanan kosmetiki serişdeler;

♦  Deri örtüginiň we gan damarlarynyň uly bolmadyk şikeslenmeleri;

♦  Allergiki täsirlilik.

Ýokarda bellenilip  geçilen sebäpleriň köpdürliligi öz ýaşaýyş düzgünleriň, endikleriň, ruhy we fiziki ýagdaýyň derňelmegini talap edýändir. Eger siz psihologiki jähtden deňagramly, asuda ýagdaýda ýaşaýan bolsaňyz, onda anyklanylmadyk beden kesellerini ýüze çykarmak üçin lukmançylyk barlagyndan geçmek zerurlygy döräp biler. Ýüzüň gyzarmagyna getirýän sebäpler anyklanylan badyna olaryň täsirini aradan aýyrmaga çalşyň.

Näme etmeli?

Kosmetologlar, psihologlar we lukmanlar bu ýagdaýdan dynmagyň çärelerini işläp düzüp, olary has çylşyrymly we ýönekeý görnüşlere bölýärler.

Çylşyrymly çäreler (galwanizasiýa ýa-da ultrases arassalamagy) toplumy kosmetologiki merkezlerde ýa-da otaglarda geçirilýän bolsa, ýönekeý bejeriş çärelerini  tebigy serişdeleriň kömegi bilen  özüňiz geçirip bilersiňiz.

→ Artykmaç gam-gussa çekmeden, stress we nerw dartgynlylykdan gaça duruň.

→ Utanjaňlykdan, özüňize kembaha garamadan ejir çekýän bolsaňyz psihoterapewt lukmanlaryna ýüz tutuň, ýörite gurnalan okuw sapaklaryny alyň.

→ Ýörite kosmetiki serişdelerden peýdalanyň: yssy we sowuk howada daşyna çykanyňyzda goraýjy kremleri ulanyň. Düzüminde alkogol we aseton bolmadyk, "ýumşak"  serişdeleri ulanmaga çalşyň.

→ Kabul edýän iýmitiňize üns beriň: ter önümleri iýmäge çalşyň. Iýmitiňizde hemişe  ter gök önümler we ir-iýmişler bolsun. Ýiti, duzly we aşa ýagly iýmitlenmeden saklanyň.

→ Sebäpsiz derman serişdeleri dowamly kabul etmekden saklanyň.

→ Eger ýüzüňiz ýygy-ýygydan gyzarýan bolsa, çilim çekmeleriň sanyny azaldyň, alkogol içgileri köp içmekden saklanyň.

→ Derini himiki maddalaryň, ýuwujylaryň we başga serişdeleriň gönümel täsirinden goraň.

→ Allergiki täsirliligiň bardygyna barlanyň.

→ Lukmanyň maslahatyndan soň witamin-mineral toplumyny kabul ediň.

Göz öňüne tutmaly  çäreler köpsanly bolsa-da, siz diňe özüňize ýaramly we kömek edip biljek usulyny saýlap  ulanyp bilersiňiz.

Ýüzüň gyzarmagynyň sebäbi anyklanylýança, onuň ýüze çykma derejesini azaldyp, kosmetiki täsirlilik berip biljek ýapgylary ulanma maslahat berlip bilner.

Ýüzüň gyzarmagyny peseldýän öý ýapgylary

Bu ýapgylaryň  bejeriş täsirliligi pes bolsa hem, olar hemişe gyzyl, gyjyndyrylan deri örtüginiň gan aýlanşygyny kadalaşdyrmaga, ony agartmaga, rahatlandyrmaga ýardam berip bilerler. Bu öý ýapgylary 20-25 min. dowamlylykda saklanylyp, olary her 2 günden, 2-3 hepdäniň dowamynda ulanyp, arakesme edip bolýandyr. Esasy zat – öz deriňiziň görnüşine görä ýaramly ýapgyny saýlap almakdyr.

Süle ýapgysy

Süle (owes) bölejiklerini (2 nahar çemçe) owradyp, gyzgyn suwy (6 nahar çemçe) üstünden guýuň.15 min. saklap garyşdyryň.

Gatykly-dorogly ýapgy

Ýagly dorogy (2 nahar çemçe) gatyk bilen garyşdyryp gowy bulaň.

Käşirli ýapgy

Gyrgyçdan geçirilen ter käşiri (2 nahar çemçe) ýüzüňize goýuň.

Hyýarly ýapgy

Arassalanan hyýary pýure görnüşde taýynlap ýüzüňize goýuň.

Käşirli-dorogly ýapgy

Täze taýynlanan käşiriň şiresini (4 nahar çemçe) ýagly doroga (2 nahar çemçe) goşup gowy gatyşdyryň.

Ýumurtgaly ýapgy

Çakylan ýumurtgany tüwi uny (2 çaý çemçe)  bilen bulamak görnüşe çenli garyň.

Ýer almaly ýapgy

Arassalanan, ter (gaýnadylan bolsa hem bolýar) ýer almasyny gyrgyçdan geçiriň (2 nahar çemçe) we zeýtun ýagy (1 çaý çemçe) bilen gatyşdyryň.

Mataly ýapgylar

Köp gatly hasany kelemiň şiresine, gök çaýa, otlara (şalfeý ýa-da çopantelpek) ýa-da aloe ösümliginiň şiresine ölläň we ýüzüňize goýuň.

Indi siz ýüzüňiz gyzaranda esasy etmeli çäreleri bilýärsiňiz: sebäbini anyklama, ony aradan aýyrma we kosmetiki bejeriş usullaryny geçirme. Bu çäreler dogry geçirlende, siz bir aýdan ymtylan netijäňizi görüp bilersiňiz: ýüzüň derisiniň gan damarlarynyň  giňemesi aýrylar we gülgüne, gelşiksiz örgünler peýda bolmaz.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.