BERHIZ PEÝDALYMY ÝA-DA ZYÝANLY?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.60 (5 Ses)

 

Hormatly okyjy!

Siz öz hatyňyzda ýaşyňyzy we keseliňiziň kesgidini bellemänsiňiz. Size berhizi lukman belledimi?

Lukmançylykda iýmit siňdiriş agzalarynyň, bagryň, böwregiň, ýürek-damar ulgamynyň kesellerinde, süýji keselde ýörite düzülen berhizler (Pewznor boýunça) ulanylýar.

Bedeniň umumy ýagdaýyny nazara almazdan, özbaşdak açlyk çekmek bedeniň alyş-çalyş ýagdaýlarynyň bozulmagyna sebäp bolup, käbir keselleriň beterleşmegine ýa-da döremegine getirip biler.

Bar bolan keseliňize görä, ýagdaýyňyzy göz öňüne tutup, belli bir berhizi (açlyk çekmäni däl) lukman bellese dogry bolar.

Belki Size berhiz tutmak gerek hem däldir.

Hormat bilen saýtyň lukmany.