GAZLANDYRYLAN IÇGILER: IÇMELIMI ÝA-DA IÇMELI DÄL?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.64 (11 Ses)

 

Häzirki zaman toý saçagyny gazlandyrylan, sowuk içgiler bilen doldurylan çüýşesiz göz öňüne getirmek diýseň kyn. Gyzylymtyl, ak, sary reňkli, deňziň gomlarynda suwuň köpürjik atyşyny ýadyňa salýan, süýji we sowujak içgiler bilen biz tomsuň yssy günleri teşneligimizi gandyrmak isleýäris.

Ol içgiler bireýýäm çagalaryň we ýetginjekleriň söýgüsini gazandy, olary öz hemişelik hyrydarlaryna öwürdi. Ol içgileri çensiz kabul edýän wagtymyz, biz olaryň saglygymyza ýetirýän täsiri barada oýlanýarysmy? Elbetde, ýok. Saglyk babatda biz jogapkärçiligi öndürijileriň üstüne atyp, arkaýyn bolýarys. Hakykatdan bolsa, geliň öz içýän bulgurymyzyň "içine" seredip göreliň!

Biziň bazarlarymyzda Coca-cola, Pepsi-cola, Sprite, Fanta ýaly alkogolsyz, gazlandyrylan içgilere isleg ýokary bolup, olar köp sarp edilýän harytlara degişlidir. Geliň, olaryň gysgaça häsiýetnamasy bilen tanşalyň.

Coca-cola – dünýäde meşhur gazlandyrylan içgi bolup, ol örän baý taryha eýedir. Onuň düzümi amerikan farmasewty Jon Pemberton tarapyndan 1886-njy ýylda oýlanyp tapylyp, ilkibada ol dermanhanalarda toşap görnüşde satylyp başlansa, wagtyň geçmegi bilen ony gazlandyrylan suw bilen goşup hödürlediler. Ýaňy düzümi işlenip düzülen Coca-cola kofeine baý kola maňyzyndan we kokaini saklaýan koka ösümliginden ybaratdy.

Alnan içgi esasan hem nerw ulgamynyň islendik kesellerini bejermek üçin maslahat berilýärdi.

Pembertonyň bellemegine görä, bu içgi jynsy gowşaklygy bejermekde we neşä ýykgyn edýän adamlara kabul etmek üçin peýdaly bolup biljekdir.

Ol ýyllarda kokain ulanmagy gadagan edilen maddalara girmeýärdi we onuň zyýany barada adamlara hiç zat belli däldi.

Kokainiň adam saglygyna ýaramaz täsiri öwrenilenden soň, jemgyýetçilik pikiri oňa garşy üýtgedi we 1903-nji ýyldan başlap, içginiň düzümine kokainiň ter ýaprajyklary däl-de, onuň "işlenilen" görnüşleri goşulyp başlandy. Häzirki wagtda bu ösümlikden içgide diňe onuň ady saklanyp galandyr.

1894-nji ýylda Coca-cola birinji gezek aýna çüýşelere guýlup satylsa, 1969-njy ýylda ony alýumin bankalarda satyp başladylar.

Wagtyň geçmegi bilen içginiň Pepsi-cola (ABŞ) hem-de 1931-nji ýyldan bäri Germaniýada öndürilýän Afri-cola, 2002-nji ýylda Fransiyada  öndürilip başlan Mekka-cola görnüşleri alyjylara hödürlendi. Mekka-cola esasan musulman ýurtlaryň alyjylaryna niýetlenen bolup, öndürijiler ondan gelen girdejiniň bir bölegini uruşdan ejir çeken palestinalylara bermäge söz berdiler.

Dürli ýurtlarda Coca-colanyň dürli görnüşleri öndürilip, ol ýerli bazarlaryň şertlerine görä dürli-dürli atlar bilen (Coca-cola diet, Light, Wanilla, Gherry we başgalar) alyja hödürlenýär.

Oňa garamazdan, olaryň esasy düzümi meňzeşdir.

Şu wagta çenli Coca-cola içginiň düzümi öndürijiler tarapyndan gizlin saklanýan bolsa hem, geçirilen laborator barlaglar onuň düzüminde käbir maddalary häsiýetlendirmäge we saglyga ýetirýän täsirini öwrenmäge ýardam berdiler.

Coca-colanyň düzüminde suw bilen gantdan başgasy himiki birleşmeler bolup durýandyr:

Islendik gazlandyrylan suýji içgilerde bolşy ýaly, Coca-cola hem gandyň örän ýokary mukdaryny saklaýandyr. Içginiň her stakany (250ml) 6 (!) çaý çemçesi gandy saklap, bu görkeziji bedeniň bir günde ganda bolan talabyny düzýändir.

Içginiň aşa ýokumlylygy hem onda gandyň ýokary mukdary bilen düşündirilýändir. Deňeşdirme üçin Coca-colanyň ýokumlylygy 42 kkal/100 gr. bolsa, piwo içgisiniň ýokumlylygy 38 kkal/100 gr. barabardyr. Şol sebäpden hem aşa köp içginiň kabul edilmegi semizligiň döremegine hem töwekgelçiligi ýokarlandyryp biler.

Häzirki wagtda kolanyň adaty tagamyny almak üçin wanilin, simto ýagy, limonyň we dalçynyň ýagy ulanylýandyr.

Coca-cola kompaniýasy hem-de onuň şahamçalary Coca-cola içgisinden başga-da Fanta, Sprite, Bon-Akwa gazlandyrylan içgileri hem öndürýärler.

Fanta we Sprite içgileriniň düzümi Coca-coladan tapawutlanýandyr.

Fanta içgisi – öz düzüminde agyz suwy, konsentrirlenen pyrtykal şiresinden we kömürturşy gazyndan başga-da, allergiki täsirliligi ýokarlandyryp biljek natriniň benzoaty, natriniň sorbaty ýaly konserwirleýji maddalary  saklap biler.

Ondan başga-da, onuň düzümindäki limon turşulygy we natriniň sitraty hem köp mukdarlarda dermatitleriň döremegine, kabul edilýän dermanlaryň täsirliliginiň peselmegine getirip biler.

Fanta içgisiniň düzümindäki reňkleýjilerden karotin, saglyk üçin howpsuz bolsa-da, sary hinolin allergiki täsirliligiň ýokarlanmagyna, demgysmanyň döremegine sebäp bolup biler.

Şonuň ýaly-da, içgide saklanýan witamin C bilen alfa-tokoferol (witamin E) howpsuz bolsalar hem, C witaminiň aşa köp kabul edilmegi deride örgünleriň emele gelmegine, iç geçme we agyryly buşukma ýagdaýyna getirip bilýändir.

Sprite içgisi hem öz düzüminde agyz suwy, gantdan, kömürturşy gazyndan başga, ýokarda agzalyp geçilen natriniň benzonaty, limon turşulygy, natriniň sitraty, süýji tagam beriji asesulfam we aspartam maddalary saklaýandyr.

Asesulfamyň aşa köp mukdary barlaglarda öýkeniň, süýt mäziniň howply täze döremeleriniň, leýkemiýanyň (akganlylygyň) döreme töwekgelçiligini ýokarlandyrdy.

Aspartam bolsa köp ulanylanda kellagyrylara, howsalaly ýagdaýlara, ýadawlyga, ýadyň kütelmegine, ukusyzlyga, dürli tutgaýlara getirip biler.

Bu maddany saklaýan önümleri çagalara we göwreli aýallara kabul etmek maslahat berimeýär. Süýjiligi artdyryjy maddalar içgi içilenden soň, dile, agzyň nemli örtügine ýelmeşip, ýene teşnelik ýagdaýyny beterleşdirýändir. Şeýlelikde, adamda içginiň indiki bulguryny içmek islegi döreýär.

Görşümiz ýaly, süýjüli gazlandyrylan içgileriň düzüminden çen tutsaň, olaryň aşgazan-içege ulgamynyň kesellerini, süýji keseli beterleşdirip, allergiki täsirliligi we başga saglyk üçin ýaramaz ýagdaýlary döretjekdigini aňşyrýp bolýar.

Aýdylanlara garamazdan, käbir barlagçylar Coca-cola we başga gazlandyrylan içgileriň ýaramaz täsiriniň, garbanhanalarda taýynlanyp iýilýän önümleriň zyýanyndan artyk däldigini belleýärler.

Ýokary kaloriýaly, juda süýji, ýiti, gowrulan, pes hilli önümlerden taýynlanýan, azyk ýokumlylygy pes bolan, witaminlere garyp önümler saglygyň dürli kynçylyklaryna getirip biler. Şonuň ýaly ýagdaýlarda, gazlandyrylan içgileriň ýaramaz täsiri bilen, nädogry iýmitlenmäniň getirýän kynçylyklaryny aýyl-saýyl etmek diýseň kyn bolýar.

"Hemme içgiler beýle "himiýalaşan" bolsa, biz teşneligi näme bilen gandyrmaly?" diýip sorag bermegiňiz mümkin. Bu içgileriň hemmesiniň ýerini diňe suw tutup biler. Ýönekeý suwmy ýa-da gazlandyrylan? Tapawudy ýok. Tebigatdan gözbaşyny alyp, teşneligiňizi gandyrýan, mylaýym, jana ýaramly suwuň saglyk üçin has peýdalydygyny ýatdan çykarmaly däldiris...

Hormat bilen saýtyň lukmany.