KISEL IÇMEK ZYÝANLYMYKA?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

 

Hormatly okyjy!

Kiseli her gün içmek erkegiň hem, zenanyň hem jynsy islegini peseldip bilmeýär. Kisel diňe tagamly içgi bolman, eýsem aşgazanyň üýtgän nemli gatlagyna hem peýdaly täsirini ýetirýän içgidir.

Bu içgi içegäniň disbakteriozynyň döremeginiň öňüni almaga hem ukyplydyr. Şol sebäpden hem aşgazanyň we içegäniň nemli gatlagynyň sowuklamalarynda, aşgazanyň baş keselinde bu içgini kabul etmek maslahat berilýär.

Kisel dürli ir-iýmişlerden taýýarlanyp, olaryň hersi peýdalylygy bilen tapawutlansa hem, süle kiseli iň peýdaly içgi hasaplanýar. Düzüminde reňkleýjileri, tagamlylygyny güýçlendirijileri, konserwantlary saklaýan we çalt taýynlanýan dükanlardaky kisel içgilerinden, öýde taýynlanan kisel has peýdalydyr. Öýde taýynlanan kiseliň düzümi suwdan, gantdan, ýer almasynyň krahmalyndan, ir-iýmişden ybarat bolup, ol beden üçin has peýdalydyr. Tagamlylygyna we peýdalylygyna garamazdan, kiseli aşa köp kabul etme maslahat berilmeýär. Çünki onuň düzümindäki krahmal we uglewodlar bedeniň agramynyň artmagyna getirip bilerler.

Hormat bilen, Lukman.