DOŇUZ ETINI IÝMEK ZYÝANLYMYKA?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.00 (2 Ses)

Hormatly okyjy!

Doňuz etine hem başga mallaryň etine mahsus häsiýetnama degişlidir. Onuň düzümi aminoturşulyklara (esasan hem lizina), beloga, "B" toparyň witaminlerine (B1, B2, B3, B6, B12) baý bolup, ol çagalar we emdirýän aýallar üçin örän peýdalydyr. Doňuz ýagy arahidin tutşulygyny we selen mineralyny saklap, bedende gormonlaryň emele gelmegi we ruhy gamgynlykdan halas bolmagyň peýdaly serişdesi bolup durýandyr. Beden üçin öz düzüminde doýgun däl ýag tutşulyklaryny saklaýan doňuz eti, doýgun gaty ýaglary saklaýan goýun hem-de sygyr etinden has zyýansyzdyr. Doňuz etiniň aňsat özleşdirilýänligi hem şunuň bilen baglanşyklydyr.

Muňa garamazdan, doňuz etiniň hem, başga mal we guş etinde bolşy ýaly, öz ýaramaz häsiýetleri bardyr.

Ateroskleroz, öt haltanyň we öt çykyş ýollarynyň, oniki barmak içegäniň kesellerinden ejir çekýän adamlara doňuz ýagyny iýmitde çäklendirmek peýdaly bolar.

Doňuz eti, beýleki etler bilen deňeşdirlende, gistamin maddalara baý bolup, bedende allergiki täsirliligi ýokarlandyrmaga ukyplydyr.

Gowy bişirilmedik doňuz eti dürli mugthorlary saklap (meselem, trihineller), ýokanç keselleriň çeşmesi bolup biler. Ýöne bu ýagdaý beýleki etlere hem mahsusdyr. Islendik iýmitiň çäksiz kabul edilende  saglyk kynçylyklaryny döretme häsiýeti, doňuz etine hem mahsus bolup, onuň çäkli iýilmeginiň (her gün 200 gramdan köp däl) hiç hili kynçylyga getirmejekdigini bellemelidir.

Maglumat höküminde, doňuz etiniň kabul edilmegine iudaizm we yslam dininde gadaganlygyň bardygyny belläsimiz gelýär. Hristiançylykda ol rugsat edilýän önümdir. Induslar üçin doňuz eti esasy et önümidir, çünki induizmde sygyr keramatly haýwan hasaplanyp, ony öldürme (et önümçiligi üçin hem) gadagandyr.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.