BIR ÝAŞDAN SOŇRA ÇAGA IÝMITI NÄHILI BOLMALY?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 2.50 (2 Ses)

Hormatly okyjy!

Käbir sebäplere görä, çaganyň bir ýaşyndan soňky döwründe hem ene süýdi bilen iýmitlendirmegi dowam etdirmäge mümkinçilik döredip bolmasa-da, ony beloklara, uglewodlara, minerallara, witaminlere baý iýmit bilen üpjün etmäge çalyşmalydyr.

Onuň üçin çagany sygyr süýdüne, onuň esasynda taýynlanýan şülelere, etli çorbalara, süýt önümlerine öwrenişdirip, gündelik iýmitine şol önümleriň utgaşmasyndan taýynlanan tagamlary goşmak ýerlikli bolar.

Bir ýaşdan uly çagalar günde maşgala saçagyndaky iýmitlerden 5 gezek naharlanmaly. Oňa gowy görýän tagamyny berip, süýjüleri, hamyrly konditer önümlerini we süýjüli içgileri bermekden gaça duruň.

Biz aşakda Size çaga lukmanlarynyň maslahat berýän çaganyň gündelik iýmeli iýmitiniň takmynan mysalyny hödürleýäris.

⇒ Ýarmaly aşlar (tüwi, greçka, süle) sygyr süýdünden-250 gr + mesge ýagy-6 gr;  çörek-10 gr;  yumurtga-1 sany,  gatyk-200 gr,  bulka 25 gr;

⇒ Gök önümleri we etli çorba (40-50 gr)-200 gr, çörek-10 gr; miweler-100 gr ýa-da

⇒ Şüle (et-40-50 gr)-200 gr; çörek-10 gr; miwe şiresi-100 gr ya-da

⇒ Mäşli, tüwüli çorba-200 gr; çörek 10 gr, miweler-100 gr;

⇒ Dorog (süzme)-60 gr + gatyk-200 gr; köke-15 gr, sygyr süýdi-200-250 gr.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.