ARY BALY

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.27 (11 Ses)

Hormatly okyjy!

Ary baly hakyky tebigy derman serişdesidir. Hakyky tebigy bal ýokançlyklary ýok ediji, sowuklamany bejeriji, alyş-çalyş ýagdaýlary kadalaşdyryjy, beden dokumalarynyň dikeldilmegini ýokarlandyryjy häsiýetlere eýe bolup, bu önüm iýmit siňdiriş ulgamynyň işini kadalaşdyrmaga, bedeniň goraglylyk güýçlerini ýokarlandyrmaga kömek edýändir.

Balyň peýdaly häsiýetlerini onuň tebigy gelip çykyşy bilen düşündirilip, onuň çylşyrymly himiki düzümini fermentler, belok, uglewodlar, fitonsidler, witaminler düzýändir.

Halk lukmançylygynda baly böwregiň kesellerini, iýmit-siňdiriş ulgamynyň kesellerini bejermekde giňden ulanýarlar. Şonuň ýaly-da, balyň arassalaýjy häsiýeti ýanyklary, ýaralary bejermekde hem ulanylýar.

Bal konditer önümleri, kosmetologiýada bolsa arassalaýjy, derini dikeldiji ýapgylary taýynlamakda hem tapylgasyz önüm bolup durýandyr. Ýöne baly bejeriş serişdesi hökmünde ulanmazdan öň, döräp biljek allergiki täsirliligi babatda lukman bilen maslahatlaşmalydyr.

Balyň peýdaly häsiýetleri we ulanylyşy babatda has doly maglumaty saýtymyzda ýerleşdirilen "Bal lukmançylygyň özeni we başlangyjy" atly makaladan tapyp bilersiňiz.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.