KÖP KOFE IÇMEK ZYÝANLYMY?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

Hormatly okyjy!

Kofe içgisini merkezi nerw ulgamynyň işjeňliginiň peselmegi bilen geçýän gamgynlylyk ýagdaýlarynda, gan damarlaryň gysylmagy bilen häsiýetlendirilýän kellagyrylarda,  ruhy we fiziki işjeňligi ýokarlandyrmak, ukyçyllygy aýyrmak maksady bilen  kabul etmäge maslahat berilýär. Soňky geçirilen barlaglar kofe däneleriniň howply täze döremeleriň emele gelme töwekgelçiligini peseldýändigini görkezdi.

Kofe içgisiniň köp kabul edilmegi gan basyşyň wagtlaýyn ýokarlanmagynyň, ýürek urmalaryň ýygylaşmagynyň sebäbi bolup biler. Ondan başga-da, kofe içgisiniň süňklerden kalsiý mineralynyň ýuwulmagyna getirýändigini barlaglar äşgär etdiler.

Hemme zatda çenliligiň möhum bolşy ýaly, kofe içgisini çeni bilen kabul (günde 2-3 çaşka) etmegiň zyýan ýetirmejekdigini belläsimiz gelýär.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.