HIMIÝA BEJERGISINDEN SOŇ SAÇLAR ÝENE ÖSERMI?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

himiya bejergisinden son saclar"Salam lukman! Himiýa bejergisini alýan näsagyň saçy yzygiderli düşýär we kellesindäki saç gün-günden azalýar. Bejergi gutarandan soň saçlar gaýtadan ösermikä?"

Saýtyň okyjysy.

Rak keseliniň bejergisinde ulanylýan himiýa serişdeleriniň esasy täsiri öýjükleriň köpelmegini gowşatmak ýa-da togtatmakdyr. Himiýa bejergisinde ulanylýan serişdeleriň köpüsi diňe bir ragyň öýjüklerine däl-de, eýsem sag öýjüklere, şol sanda saçyň follikulalaryna hem togtadyjy täsirini ýetirýändir. Serişdäniň görnüşine baglylykda, saçlaryň azalmagyna bejergi tapgyrynyň başynda ýa-da 1-2 doly tapgyr geçirilenden soň syn edilip bilner. Käwagtlar saçlar düşmän, inçelýärler, guraýarlar, uçlary döwülýär.

Himiýa bejergisiniň netijesinde düşen saçlaryň ýerine wagtyň geçmegi bilen täze saçlaryň ösýändigini ýatda saklap, ruhdan düşmäň.

Bejergiden soň saçlaryň nähili tizlikde ösjekdigini anyk aýtmak kyndyr, çünki bu himiki serişdäniň görnüşine, bejerginiň dowamlylygyna, bejergi tapgyrlaryň sanyna, beden aýratynlyklaryna bagly bolup durýar. Ortaça, saçlaryň ösmegi 4 aýdan başlanýar. Bejergiden soň saçlaryň reňki we gurluşy üýtgäp biler we üýtgeme wagtlaýyn ýa-da hemişelik hem bolup bilýär. Kähalatlarda täzeden ösýän saçlar öňküden gaty bolup biler, öňki göni saçlar täzeden çykanda burum-burum görnüşde bolup biler. Şeýle hem, saçlaryň reňki üýtgäp, olaryň agarmasyna hem syn edilip biler.

Himiýa bejergisinden soň saçlary çalt we doly dikeldýän belli serişde bolmasa hem, kelläniň derisine aýawly we dogry ideg etmek saç follikulalarynyň doly dikelmegine ýardam berip bilýändir.

Onuň üçin peýdaly maslahatlar:

↪ Her gün 2-3 minudyň dowamynda nemlendiriji serişdeler bilen kelläňizi owkalaň. Aýawly we aýlawly hereketler bilen ýeňseden depäňize çenli owkalama geçiriň we isleg boýunça gaýtalaň;

↪ Aýawly arassalaýan şampunlary, meselem, kelläniň duýgur derisi ýa-da zeperlenen saçlar üçin niýetlenen şampunlary ulanmaga çalşyň. Şeýle-de, iýmitlendiriji şampunlary we maskalary ulanmak maslahat berilýändir;

↪ Saçlary mylaýym suw bilen ýuwuň. Süpürgiç bilen ýuwaşdan basyp saçyňyzy guradyň, sürtüji hereketleri etmäň. Guratmak üçin fen ulanmakdan saklanyň;

↪ Saçlary ýörite rezin we berkidijileri ulanyp ýygnamadan saklanyň. Saçyňyzy iri dişli darak ýa-da ýumşak çaga çotgasy bilen daramaga çalşyň;

↪ Eger saçyňyz juda gysga bolup, kelläňizi açyp gezme sizde oňaýsyzlyk döredýän bolsa, ýörite parikleri ulanyň ýa-da ýaglyk, şarf daňynyň. Belli wagt aralygy olary çykaryp, kelläniň derisine dem almaga mümkinçilik beriň;

↪ Saçlara belli bir görnüş bermek üçin gelleri ulanmakdan birnäçe aýlap saklanyň. Şeýle hem, saçlary himiki serişdeler bilen reňklemek, olary göneltmek ýa-da görnüşini uýtgetmek üçin ulanylýan çärelerden takmynan 1 ýyla çenli gaça duruň.

Eger saçlaryň düşmegi we olary dikeltmek meselesinde çözüp bolmajak soraglaryňyz ýüze çyksa, öz lukmanyňyzdan we triholog lukmandan maslahat soraň.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.