RESEPT BOÝUNÇA ALYNÝAN DERMANLARYŇ SANAWYNY BILIP BOLÝARMY?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.00 (2 Ses)

Hormatly okyjy!

Dermanhanalarda dermannamalar esasynda ýeňillikli berilýän dermanlaryň sanawyna, käbir derman serişdeleriniň ýerine şol bir täsirli, ýöne başga atly ýa-da bir serişdäniň bir ulanyş görnüşi başga bir görnüşde (meselem, sanjym görnüşi gerdejikler görnüşine) çalşylmagy netijesinde wagtal-wagtal üýtgeşmeler girizilip bilner.

Dermannama boýunça Size gerek serişde we hemme dermanlar baradaky has täze maglumatlary almak üçin, öz ýaşaýan ýeriňiz boýunça degişli Saglyk öýüne ýüz tutup bilersiňiz. Sebäbi saglyk öýlerinde bu dermanlar barada maglumat her hepdede täzelenip durýandyr.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.