BIZ NÄME ÜÇIN ÝADAÝARYS?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.44 (16 Ses)

Biziň köpümize uzak wagt gurşap alýan dowamly  ýadawlylyk we kuwwatly güýjüň ýetmezçilik duýgusy diýseň tanyş ýagdaýdyr. Ýadawlylyk duýgusy hatda ir çagy hem bizden gidenok. Göräýmäge gijeki ukudan soň bedenimiz dynç alyp, biz kuwwatlanan batareýjikler ýaly bolaýmaly welin, tersine, bedenimizi basmarlap barýan gowşaklyk bizi meýilleşdiren işlerimizden daşlaşdyryp, göwnüiçökgünlige getirýär. Aslynda görüp otursaň, seýrek halatlarda ýadawlylyk fiziki işleriň ýa-da dartgynly geçen iş gününiň netijesi bolup bilýändir.

Biz näme üçin ýadawlylyga sezewar bolýarkak?

1. Siziň bedeniňize uglewod ýetmezçilik edýär

Bedeniň kuwwatlylygyny üpjün ediji "ýangyç" bolan glukoza, esasan glewodlardan emele gelýändir.

Ak çörek, şokolad ýa-da başga konditer önümleri ýaly ýönekeý uglewodlar kabul edilende, ganyňyzdaky süýjüniň derejesi birden ýokarlanyp, soňundan çalt aşak düşýändir.

Günüň dowamynda wagtynda iýmitlenmezlik hem şunuň ýaly ýagdaýa getirip biler. Bedeniňiz ýeterlik uglewod almasa, alyş-çalyş ýagdaýlary peselip, biz "ýarym uky" ýagdaýyna uçrap bileris.

Biziň iýmitimiziň 50%-ni ir-iýmişler, bakja önümleri, däneli önümler ýaly çylşyrymly uglewodlar düzmelidir. Iýmitlenmelerimiziň arasy bolsa 5 sagatdan uzak bolmaly däldir.

2. Bedeniňiz suwsuzlanma ýagdaýyny başdan geçirýär

Köp halatlarda ýadawlylyk ýagdaýy bedeniň suwsuzlanmagy sebäpli döräp, ýaşaýyş üçin wajyp suwuň ýetmezçiligi agzalardaky ganyň aýlanşygyny kynlaşdyrýar we bu ýaramaz duýgynyň ýüze çykmagyna sebäp bolýar.

Bedeniňiziň ýeterlik suwy alýandygyny nähili anyklamaly?

Siziň peşewiňiziň reňki bu barada Sizi habardar edip biler. Eger Siziň bedeniňizde suw ýeterlik bolsa, peşewiňiz dury we açyk sary reňkli bolar.

Ýogsa-da, her günde 1,5 litr we ondan hem köp suw içilende, bedeniň alyş-çalyş ýagdaýlary 30% ýokarlanýandyr.

3. Sizde ýaşaýyş üçin zerur maddalar ýetmezçilik edýär

Ýadawlylyk duýgusyny magniý mineralynyň ýetmezçiligi hem döredip biler. Öýjükleriň işini kadalaşdyryp, bedeniň içki kuwwatlylygyny aýawly saklamaga kömek edýän bu mineralyň dowamly ýadawlylyk ýagdaýlarynda 400 mg golaý mukdaryny kabul etmek maslahat berilýär.

Magniý ýetmezçiligini aradan aýyrmak üçin maňyzlary, däne önümleri, ýaprakly gök önümleri kabul etmäge çalşyň.

Alyş-çalyş ýagdaýlaryny kadalaşdyryp, gany kislorod bilen baýlaşdyrmaga  omega-3 ýaglary kömek edýär. Olaryň köp mukdary ýagly balykda saklanýandyr.

Bedende demriň ýetmezçiligi netijesinde gan azlylygyň döremegi hem beden agzalaryň kislorod bilen üpjünçiligini kynlaşdyryp, ýadawlylyk ýagdaýyny döredip biler.

Ýörite derman serişdeleri we eti, däne önümleri kabul etmek bedende demir ýetmezçiligini aradan aýryp biler.

4. Siz telewizoryň (ýa-da kompýuteriň) öňünde uzak oturýarsyňyz

Alymlaryň barlaglaryna laýyklykda, telewizoryň ýa-da kompýuteriň (eger ýöne Siz öz işleriňiz bilen meşgul bolmaýan bolsaňyz) öňünde geçirilen bir sagadyňyzyň dowamynda Siz ortaça 144-ädim edip, hereket edip bilerdiňiz. Telewizor we kompýuter bilen gyzyklanma ýürek urgularyny we bedeniň alyş-çalyş ýagdaýlaryny peseldip biler.

Telewizor bilen gyzyklanmany we zerurlyksyz kompýuteri ulanmagy çäklendirmek iň peýdaly çykalga bolup durýandyr.

Telewizor görýän wagtyňyz bir zada güýmenmäge ýa-da ýönekeýje fiziki maşklary etmäge çalşyň.

Kompýuteriň öňünde uzak işlemeli bolanyňyzda hem arakesmeler edip, otagda gezmelemäni ýa-da maşklary ýerine ýetirmäni unutmaň.

5. Siz bedeniň artykmaç agramlylygyndan ejir çekýärsiňiz

Bedeniň her artykmaç kilogram ölçegi Siziň beden kuwwatlylygyňyzyň bir bölegini alýar. Artykmaç kilogram sanlary Siziň ýüregiňize uly agram salyp, oňurgaňyzyň, aýaklaryňyzyň artykmaç "ýüki" göterip gezmegine sebäp bolýar. Eýsem, uzyn gün artykmaç ýüki göterip ýadaman bolarmy?  

6. Siz ýeterlik uklamaýarsyňyz

Süýji ukynyň ýetmezçiligi diňe biziň daşky görkümize täsirini ýetirmän, eýsem, biziň alyş-çalyş ýagdaýlarymyzy  haýalladýan dowamly stress ýagdaýlaryny hem döredip biler.

Eger geçen asyrda adam  uklamaga ortaça 8 sagatdan az bolmadyk wagty sarp eden bolsa, häzir adam 6-6,5 sagat uklaýandyr. Bu ýagdaý gysga wagtyň içinde edilmeli köp işleriň ýüze çykýanlygy bilen düşündirilip, adamyň ruhy ýagdaýyna ýaramaz täsir edýändir.

7. Siz stress ýagdaýynda ýaşaýarsyňyz

Dünýäniň hemme aladasy bilen ýaşaýan adamlarda peýdaly dynç alyp, ýaşaýyşdan lezzet almagy başarýan adamlara garanyňda ýadawlylyk ýagdaýy gaty ýygy duş gelýändir.

Adatça öýüň ownuk abatlaýyş işlerini geçirmek ýaly ownuk aladalar, işini ýitirmek,  uzak möhletleýin kredit tölemek ýaly uly aladalar bilen deňeşdirlende dowamly ýadawlylyk ýagdaýlaryna has ýygy sezewar edýändir.

8. Belki, Siz beden kesellerinden ejir çekýänsiňiz

Galkan şekilli mäziň işiniň peselmegi (gipotireoz) hem dowamly ýadawlylyk ýagdaýyna getirip bilýändir. Bu ýagdaý esasan aýallarda (her 10 aýalyň 1-de bu ýagdaý anyklanylýar) köp duş gelýändir. Galkan şekilli mäzi bedeniň alyş-çalyş ýagdaýlaryna gözegçilik edip, onuň işiniň bozulmagy bedeniň ýadawlylygyna, beden agramynyň kadadan köp köpelmegine sebäp bolup biler.

Eger Siz  özüňizde bu mäz bilen bagly kynçylyklary güman edýän bolsaňyz endokrinolog lukmana ýüz tutmagyňyz hökmandyr.

Dowamly ýadawlylyk ýagdaýyny aşgazan-içege keselleriň hem dowamly ýagdaýlary, süýji keseli, gan basyşynyň ýokarlanmagy, ýürek ýetmezçiligi, wirusly ýokançlyklar, inçekesel ýaly beden keselleri hem ýüze çykaryp biler.

Häzirki döwürde  ýadawlylyk ýagdaýynyň giňden ýaýrap, bejergisinde kynçylyklaryň döremegi, bu fiziologiki ýagdaýy dowamly ýadawlylyk sindromy (DÝS)  kesel kesgidi bilen atlandyrmaga esas döretdi.

Bu kesel ösen ýurtlarda has ýygy duş gelýän ýagdaý bolup, ol düşünjäni ilkinji gezek 1988-nji ýylda ulanyp başladylar.

DÝS-ny ýokarda bellenip geçilişi ýaly, nerw dartgynlylyk ýagdaýynda ýaşamak we işlemek, ýaramaz sanitar we ekologiki şertleriň döremegi, dowamly keseller döredip biler.

DÝS-my göwnüçökgünlilik, gamgynlylyk, kähalatlarda sebäpsiz gaharlanmak bilen ýüze çykýandyr. Ýadawlylyk sindromynyň döremegi belli bir geografiki, sosial gelip çykyşa, ýaşa bagly bolman, bu ýagdaýyň döreme töwekgelçiligi 25-45 ýaş aralygyndaky aýallarda has ýokarydyr.

ABŞ-da dowamly ýadawlylyk sindromyndan her 100 müň ilatyň içinde 10-a golaý adam ejir çekýan bolsa, Awstraliýada her 100 müň ilata 37 adam kesgitlenilýändir.

Fiziologlaryň bellemegine görä, ýadawlylyk ýagdaýy dokumalarda kuwwatlylyk çeşmeleriň azalyp, alyş-çalyş ahwalatlardan soň galyndy önümleriň ýygnanmagy netijesinde ýüze çykýar.

Bu düşünjä esaslanyp, DÝS-y dokumalardaky biohimiki geçişleri kadalaşdyrýan L-karnitin, magniý, "B" toparyň witaminleri, immun ulgamyny berkidiji serişdeler (immunoglobulin) bilen bejermek synanşygy geçirilýär.

Soňky ýyllarda lazer şöhleleriniň pes güýjüni ulanmak bilen hem peýdaly netijeleriň alynandygy barada maglumatlar bardyr.

Bedeniň dowamly ýadawlylyk ýagdaýyny bejermegiň netijeli usullarynyň köpelmegine garamazdan, adamyň kadalaşdyrylan gün tertibi, dogry gurnalan iş düzgünleri, stresse getirýän ýagdaýlaryny özwagtynda aradan aýyrmak, dogry iýmitlenme we tebigat bilen ýakyn gatnaşykda bolmak ýaly öňüni alyş çäreleri alyp barmagyň zerurlygy ikuçsuzdyr.  

Hormat bilen, saýtyň lukmany.