ÝAŞAÝYŞ SORAGLARY WE RUHY TAÝDAN ÇEKÝÄN JEBIRLERIM

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.60 (10 Ses)

Hormatly okyjy!

Ýaşaýşyň manysy, özümiziň ondaky ornumyz ýa-da ýaşaýşyň pelsepeli soraglarynyň ençemesi hem islendik pikir ýöredýän adamyny pikirlenmäge mejbur edip biler.

Bedeni sagdyn, ýöne içki dünýäsinde gapma-garşylyklar bolan adam hemişe pikirde bolup, dogry çözgüt tapmagyň gözleginde bolup biler. Dogry ýol, çözgüt tapyp bilmezlik, elbetde, ruhy çökgünlilige, hemme zatdan eliň sowamagyna hem getirip biler. Siziň içki dünýäňiziň hemişe "goh-galmagalda" bolmagynyň bir sebäbiniň bolup biljekdigi barada pikir etmediňizmi? Belki, Siz öz öňüňizde goýýan meseleleriňizi çözmekde kynçylyk görýänsiňiz? Jemgyýetde öz ornuňyzy tapmakda kynçylyk çekýänsiňiz? Ýa-da Sizi gurşap alýan sosial gurşaw bilen (işdeşler, dost-ýarlar, söýgüli gyzyňyz) düşünişmezlik ýüze çykýandyr?

Adamynyň saglygy onuň fiziki, ruhy saglygynyň görkezijilerine we sosial (jemgyýetdäki) gurşawda tutýan ornuna juda bagly bolup, olar biri-birine täsir edip bilýändirler. Belki-de, "akyl ýetirip bolmajak nämälimlikler" barada pikirlenip, kelle döwüp oturmagyň geregi ýokdur?! Dünýä akyl ýetirmek, ýaşaýşyň manysyna düşünmek Size durmuşyň dürli basgançaklaryny geçensoňyz, belki-de başardar. Onuň üçin Siz özüňize berlen durmuşy hyýal edişiňiz ýaly tapgyrlaýyn, öz ýoluňyz bilen geçmelisiňiz. Bu ýolda Size Siziň maşgalaňyz, ýakyn, çyn dostuňyz, gowy görýän işiňiz, söýgüli ýaryňyz, eziz görýän çagalaryňyz, edýän arzuwlaryňyza ymtylmalaryňyz uly goltgy we hemaýatçy bolup biler.

Bir gün bilen ýaşaň. Şol ýaşan günüňiziň manysynyň, onda eden hereketleriňiziň ertirki güni gurjakdygyny unutmaň. T. Karleýliň aýdyşy ýaly, "Biziň ýaşaýşymyzyň düýp manysy bizden daşlaşan we dumana gaplanan zatlary görmäge ymtylmak däl-de, elimiziň aşagyndaky zatlaryň üstünde zähmet çekip, olary öwrenmekdir".

Hormat bilen, saýtyň lukmany.