ERKEGIŇ TOHUM SUWUKLYGY WE KOSMETIKA

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.31 (13 Ses)

Hormatly okyjy!

Parfýumeriýa senagatynda döli saklaýan ýa-da dölüň işlenilmegi netijesinde alnan serişdeler giňden we örän üstünlikli ulanylýandyr. Ýöne başlangyç serişde hökmünde erkek adamyň döli däl-de, öküziň döli ulanylýar. Belli bolşy ýaly, döl jynsy mäzleriň işläp çykarýan suwuklyklaryndan we fermentlerden ybaratdyr. Bu tebigy serişde fruktoza, kalsiý, natriý, kaliý, sink, fosfat minerallaryna baýdyr. Ondan başga-da, onda limon turşulygy we ýokary täsirli fibrogenazin we fibrolizin fermentleri saklanyp, olar deriniň düzlenmegine we ýaşarmagyna ýardam berýändir. Elbetde, gürrüň kremleriň we losýonlaryň düzümindäki işlenilen döl barada gidýändir.

Kosmetologlar "janly" döli ulanmagyň has peýdalydygyny belleýärler. Arassa görnüşde ulanylan dölüň, guranda deriniň çekilmegine getirýänligi sebäpli, ony wazelin ýa-da başga ýönekeý krem bilen gatyşdyrmak dogry bolar. Arassa döl düwürtikli derini bejermek üçin hem peýdaly bolup biler. Ýöne bir möhüm maglumaty bellemek ýerlikli bolar. Soňky barlaglaryň görkezişi ýaly, düzüminde döli saklaýan kremleri we ýapgylary ýaş gyzlara ulanmak bolmaýar. Onuň hem sebäbi, ýaş gyzlarda dölüň deriniň üstki gatlagyny ýukaldyp, "ýetginjekleriň düwürtik keseliniň" ýüze çykarma ähtimallygynyň barlygyndadyr.

Görşümiz ýaly, bu ýerde garaşylýandan ters netije alyp bileris.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.