КLINIKI ÖLÜM NÄME?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

Hormatly okyjy!

Kliniki ölüm – soňy ölüme geçip bilýän tapgyrdyr. Ol ýaşaýyş bilen ölümiň arasyndaky geçiş tapgyry bolup, ortaça 3-4 minut dowam edýändir.

Koma ýagdaýy (huşuň ýitmegi, göreçleriň giňelmegi), ýürek urgularyň we dem alşyň kesilmegi kliniki ölümiň alamatlary bolup durýandyr. Bu döwürde ýüze çykan kislorod ýetmezçiligi oňa duýgur bolan agzalarda (esasan hem beýnide) yzyna dolap bolmajak bozulmalara getirýän däldir. Kliniki ölüm tapgyrynyň anyklanan wagty bilen direldiş (reanimasion) çäreleriň başlanan wagtynyň aralygy näçe gysga bolsa, şonça hem näsagyň ýaşaýşa gaýdyp gelme mümkinçiligi ýokarlanýandyr.

Kliniki ölümiň dowamlylygy pes temperaturaly (gipotermiýa) şertlerde, gark bolmalarda, elektrik togunyň täsirinden soň artýandyr. Direldiş çäreleriň geçirilmedik ýa-da şowsuz bolan halatlarynda kliniki ölüm tapgyry hakyky ölüme geçýändir.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.