DOŇUZ ÝAGYNYŇ DERMANLYK HÄSIÝETI BARMY?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

Hormatly okyjy!

Doňuz ýagynda mesge ýagy bilen deňeşdirlende biologiki işjeň maddalar birnäçe esse köp mukdarda saklanyp, onuň düzüminde karotin, A, E, D, K witaminleri, fosfor, kaliý, natriý, kalsiý, magniý, az mukdarda ýod, demir, mis ýaly minerallar tutýandyr.

Doňuz ýagy beýleki önümlerde seýrek duş gelýän arahidin turşulygyna baýdyr. Arahidin tutşulygy holesteriniň kadaly alyş-çalyşygyna we gormonlaryň bedendäki işjeňligine uly täsirini ýetirýändir.

Elbetde, doňuz ýagynyň iýmit kuwwatlylygy örän ýokary bolsa-da (100 gr eredilen doňuz ýagynda 900 kkal), ol ýag tutşulyklaryndan ybarat arassa ýag bolup, bedeniň göreşijilik güýçleri we alyş-çalyş ýagdaýlary üçin örän peýdalydyr.

Doňuz ýagynyň bejeriş häsiýetlerinden köplenç dümewde, bronhitde, öýken sowuklamasynda, inçekeselde peýdalanýarlar. Bedeniň gyzgyny galanda aýaklaryňyza eredilen doňuz ýagyny çalyp, aşakdaky serişdäni kabul etmek maslahat berilýär: 1 çaý çemçe gök çaýy gyzgyn süýt bilen demläp, oňa biraz eredilen doňuz ýagyny hem-de pyçagyň ujy bilen alnan gara ýa-da gyzyl burçy goşmaly. Taýynlanan içgi kabul edilensoň, ýyly ýorgan-düşege geçip, basyrnyp ýatma maslahat berilýär. 

Doňuz ýagynyň esasynda taýynlanan melhemi ulanyp, üsgülewükden dynmak mümkindir: 50 gram doňuz ýagyny eredip we biraz sowadyp 2 nahar çemçe arak bilen garmaly, oňa eger tapsaňyz 5-6 damja pihta ýagyny goşmak hem bolýar. Taýynlanan garyndyny döşüňize çalanyňyzdan soň, üstüne galyň süpürgiç ýa-da ýüň ýaglyk örtüp, galyň egin-eşigiňizi geýmelidir. Bu ýapgyny uzyn gije goýsaňyz hem bolýar.

Eredilen doňuz ýagy bilen balyň garyndysyny agyryly bogunlary bejermek üçin ulanylýar. Şonuň ýaly-da, osteohondroz keselinde eredilen doňuz ýagy bilen owkalama bejergi çäreleri hem geçirilýär.

Doňuz ýagy bilen bejeriş çärelerini lukmanyň maslahatyndan soň, onuň bellän bejergisi bilen utgaşykda geçirilmelidigini belläsimiz gelýär.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.