BEDENDE ALKOGOL EMELE GELÝÄRMI?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.67 (3 Ses)

Hormatly okyjy!

Bedende alkogol belli bir mukdarda emele getirilip, etanol spirtini alkogoldegidrogenaza fermentini saklaýan hemme beden öýjükleri işläp çykarýandyr. Bu ferment bolsa hemme öýjüklerde bolup, ol esasan bagyrda köp mukdarda saklanýandyr. Bedende emele gelýän alkogol beden üçin zerur bolup, kuwwatlylyk çeşmesiniň döredilmegi we paýlanylmagy, uýgunlaşma hadysalarynyň ýaýbaňlanmagy, serotoniniň we endorfinleriň emele gelmegi üçin ol juda gerekdir. Sag we serhoş däl adamynyň bedeninde alkogolyň derejesi takmynan 0,01 promille barabardyr. Başgaça aýdylanda, adam bedeni özbaşdak 10 gr. golaý arassa spirti öndürmäge ukyplydyr. 50gr. aragyň ýa-da bir bulgur piwo içgisiniň kabul edilmegi bedendäki alkogolyň derejesiniň ýokarlanmagyna getirip biler.

Bedende emele gelýän alkogolyň derejesiniň ýokarlanmagyna birnäçe faktorlar sebäp bolup biler. Bedeniň käbir keselleri (süýji keseli), alkogoly saklamaýan önümleriň (şokolad, kwas içgisi, gatyk, käbir ir-iýmişler) kabul edilmegi bedeniň öz öndürýän alkogolynyň ýokarlanmagynyň sebäbi bolup bilýändir. Şeýle-de, adamyň keýpli bolup, ýaramly, şatlykly duýgulary başdan geçiren halatlarynda hem beden alkogolynyň derejesiniň ýokarlanýandygyny bellemek gerekdir.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.