"MEN ÖŇ GÜRLEŞIP GOÝDUM"...

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.47 (15 Ses)

Hormatly Aýmyrat!

Hassahanada, lukmanyň otagynyň ýanynda bolup geçýän ýagdaýlar (tanyşlygy bahanalap nobata garaşman girip gitme, bir soragy sorap gitme bahanasy bilen lukmanyň ýanyna girme) biziň umumy medeniýetligimiziň ýetmezçiliginden hem-de jemgyýetçilik ýerlerinde özüňi alyp barmagyň kada-düzgünlerinden bihabardygymyzdan ýa-da olary äsgermeýänligimizden habar berýär. Biz nobatçylygy saklama lukmana bagly diýip düşünsek hem, köp halatlarda kabul edip oturan lukmana otagyň daşyndaky nobata gözegçilik etmek kynçylyk döredýär we işlemäne päsgelçilik berýär.

Nobatçylygy saklama we lukmanyň wagtyny tygşytlama maksady bilen köp saglygy goraýyş edaralarynda lukmana ýazylma düzgüni ulanylyp, nobatçylyk ýazylan sanaw arkaly berjaý edilýär. Käbir hassahanalarda bolsa näsag lukmanyň bellän wagty boýunça gelip, lukmanyň gözegçiligini geçýär. Näsaglara wagt belleme düzgüni lukmanyň otagynyň öňünde adamlaryň ýygnanşyp durmagynyň we nobatçylyk bilen bagly oňaýsyzlyklarynyň döremeginiň öňüni alýar. Ondan başga-da, wagty belleme düzgüni ulanma lukman üçin öz tanyşlaryny (tanyş adamlaryň we garyndaşlaryň hemmelerde hem bardygyny ýatdan çykarmaly däl) hem kynçylyksyz we başga näsaglara päsgel bermezden kabul etmäge mümkinçilik döredýär.

Eger Siziň peýdalanýan saglygy goraýyş edaraňyzda lukmanyň kabulyna düşme kynçylyk döredýän bolsa, bu barada bölüm müdürine ýa-da edaranyň ýolbaşçysyna ýüzlenip, dörän meseläni çözüp bolar.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.