HYZMATDAŞLYGYŇ DÜZGÜNLERI BARADA YLALAŞYK

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.71 (7 Ses)

Hyzmatdaşlygyň düzgünleri barada ylalaşyk

Biz, ýagny saýtyň işgärleri, jemgyýetiň bilim derejesiniň ýokarlanmagy adalatlylygyň we demokratiýanyň girewidir diýip hasaplaýarys. Biz bolup geçýän wakalary, dürli meseleleri  hemmetaraplaýyn şöhlelendirmäge ymtylýarys. Saýtymyzyň sahypalarynda makalalaryny çap edýän hünärmenler işe yhlasly garamagy, dogruçyllygy, dykgatlylygy hünärmenliligiň aýrylmaz bölegi diýip hasaplaýarlar.  Biz özümiz we gelejekki kärdeşlerimiz üçin hyzmatdaşlygyň düzgünlerini işläp düzdük. Saýtyň işine lukmanlaryň hem  gatnaşmagyna hoşniýetli garalyp, hormat bilen kabul edilýändir.

Hyzmatdaşlyk etmek isleýän hünärmenlere bildirilýän talaplar:

  1. Saýtyň işgäri türkmen we rus dillerini örän oňat bilmelidir. Ol türkmen we rus dillerinde pikirlenmegi, terjime edýän maglumatlaryny okyja düşnükli bolan sada dilde beýan etmegi başarmalydyr.
  2. Sagdyn durmuş ýörelgesi babatda jemgyýetiň bilim derejesi bilen gyzyklanmalydyr.
  3. Saýtyň sahypalarynda makalalaryny çap etmek isleýän adamyň terjimeçilik tejribesi bolmalydyr.
  4. Terjimeçi ýa lukman öz ýaşyna, umumy iş stažyna, hünärmenlik we ylym derejesine garamazdan, iş toparynda işlemegi we başgalaryň pikirini diňlemegi, gerek bolsa, ony kabul etmegi başarmalydyr.
  5. Terjimeçi ýa lukman öz tejribesine esaslanyp, dürli ýaşdaky adamlaryň öz saglygy babatda gyzyklanýan soraglaryny doly anyklamaga çalyşmalydyr. Ol soraglara degişli doly maglumatlary okyja ýetirmäge ymtylmalydyr.
  6. Terjimeçi ýa lukman lukmançylyk çeşmelerden edilen terjimeleri, ýazylan makalalary halk üçin düşnükli, ýönekeý dilde ýazmalydyr. Çylşyrymly lukmançylyk adalgalaryny, öwrümlerini  ulanmakdan saklanmalydyr.
  7. Makalada hemme getirilýän delilleriň, täze maglumatlaryň anyk, dogry berilmegini gazanmalydyr.
  8. Olaryň ýoýulmagyna ýol bermeli däldir.
  9. Dünýä lukmançylygynyň ylmy- tehniki ösüşine, ylmy-amaly soraglary, keselleriň alamatlaryny, bejeriş çärelerini häzirki zaman nukdaýnazaryndan düşnükli dilde okyja ýetirmäge çalyşmalydyr.
  10. Makalada belli bir bejeriş usulyny, derman serişdelerini, lukmançylyk abzalyny girdeji almak maksady bilen mahabatlandyrmaga ýol berilmeli däldir.
  11. Lukmanlar öz beýan edýän maglumatlarynda öňüni alyş lukmançylygynyň esasy ahmiýetini, geçirilmeli çäreleri, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň wajypdygyny nygtamalydyr.
  12. Ulanylan maglumat çeşmeleriniň ygytybarlylygy barlanylmalydyr. Terjimede tötänleýin ýa bilgeşleýin ýalňyşyň bolmagyna ýöl berilmeli däldir.
  13. Mümkin bolan ýagdaýlarda maglumatlaryň alnan çeşmelerini açyk görkezmelidir. Jemgyýet bu çeşmeleriň ygtybarlydygyny ýa-da ygytbarsyzdygyny bilmäge doly haklydyr.
  14. Terjime edilýän makalanyň sözbaşysynyň, täzelikleriniň, mahabatlandyrma materiallarynyň, fotosuratlarynyň, wideo, audio, grafiki, ses parçalarynyň we  kimdir biriniň aýdan jümleleriniň ýoýulmaýandygyna göz ýetirmelidir.
  15. Başga bir awtoryň ýa terjimeçiniň işini göçürmeli däldir.
  16. Öz ruhy we ahlak gymmatlyklaryny başgalara güýç bilen kabul etdirjek bolmaly däldir.
  17. Kimdir biriniň jynsy, ýaşy, dini, etnik degişliligi (etnik topar — haýsydyr bir millete degişli bolmagy), ýaşaýan ýeri, jyns gatnaşyklaryna bolan garaýyşlary, maýyplygy, jemgyýetdäki orny, keşbi babatdaky ýalan, ýalňyş pikirlerden gaça durmalydyr.
  18. Pikirleriň aç-açan alşyp-berilmegini goldamalydyr.

Bulardan başga-da terjimeçi ýa-da lukman şulary ýerine ýetirmek babatdaky borçlary öz üstüne alýar:

  1. Anyklylyk. Terjimeçi asyl nusgadan edilýän terjimelerinde maglumatlary doly we dogry beýan etmäge ymtylmalydyr. Ol terjime edilýän makalanyň äheňini doly saklamaga çalyşmalydyr.
  2. Ynamdarlyk. Terjimeçiler we lukmanlar özlerine bildirilen ynamy ödemäge ymtylmalydyr. Şeýle-de terjimeçiler ýa-da lukmanlar saýtyň işi babatda ikiçäklikde edilen  gürrüňleri ýaýratmaly däldir.
  3. Maglumatlary aýan etmek. Terjimeçiler özlerine degişli bolmadyk meseleleri, teklipleri, hasabatlary köpçüligiň öňünde maslahatlaşmaly däldir.
  4. Hünärmenlik babatdaky  talaplar: terjimeçiler hemişe bitaraplygy saklamak bilen, meselä obýektiw garamalydyr. Olar öz terjimelerinde adamlary jynsy, ýaşy, dini, etnik degişliligi, ýaşaýan ýeri, jyns gatnaşyklaryna bolan garaýyşlary, maýyplygy, jemgyýetdäki orny, keşbi, syýasy garaýyşlary, bilim derejesi babatda kemsidiji äheňlerden, jümlelerden gaça durmalydyr.