SIZIŇ SAGLYK.INFO BARADA BILMELI ZATLARYŇYZ

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (5 Ses)

Saglyk.org girdeji üçin döredilen başlangyç däl-de, eýsem Türkmen köpçüliginiň saglyk, sagdyn durmuş baradaky bilimini we düşünjesini gowulandyrmak we artdyrmak, köpçüligiň adam saglygyna, daşky gurşawa degişli meseleler bilen gyzyklanmasyny we bu meselelerde öz pikirlerini beýan etmäne mümkinçilik bermek missiýasy bilen döredilendir. Şeýle-de saýt dürli ýurtlarda ýaşap turkmen dilinde gepleýän we şeýle kynçylyklar babatda aladalanýan adamlar bilen hyzmatdaşlyk açmagy göz oňünde tutýar.

Saglyk.org hiç hili syýasy äheňli meýilnamalary mahabatlandyrmak maksadyny yzarlanok. Saýtdaky maglumatlar köpçüligiň goşulmagy we jemgyýetde bolan meseleleri konstruktiw äheňde ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen çap edilýär. Saýtda halk köpçüligi saglyga we daşky gurşawa degişli bolan meseleleri teswirlemäge, öz pikirlerini paýlaşmaga we dogry çözgüt ugrunda jedelleri alyp barmaga çagyrylýar.

Saglyk.org materiallary döredende ýokary hünärmenlik derejesini we gizlinlik düzgünlerini saklaýar. Okyjylaryň, makalalaryň awtorlaryna degişli bolan şahsy maglumatlar ýaýradylanok, hiç kim bilen paýlaşylanok.

Saglyk.org köpçüligiň ulanmagy uçin mugt bolan çeşmedir. Materiallary ulanmak we ýaýratmak maslahat berilýär. Emma materiallaryň göçürme nusgalaryny gazanç maksady bilen gaýtadan işläp çap etmek gadagandyr. Maglumatlaryň saýtdan alnyp ýaýradylan halatlarynda, olaryň çeşmesi görkezilmelidir.

Saglyk.org derman serişdelerini öndürýän şereketleriň önümlerini mahabatlandyranok we olardan hiç hili kömek kabul edenok. Saýtda hiç hili mahabatlandyrma hem-de şeýle häsiýetli makalalar ýerleşdirilenok.

Saglyk.org Türkmen we halkara döwlet, hususy we döwlete degişli bolmadyk, galdyrylýan meselelere degişli iş alyp barýan guramalary hyzmatdaşlyga çagyrýar.