TÜRKMENISTANDA ÇAGALARYŇ AŞA SEMIZLIGI

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.20 (5 Ses)

childhood obesity in turkmenistanSaglygyň täze hasabata syny we Türkmenistanyň Saglyk ministrligine we BSGG guramasyna maslahatlary

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) 2021-nji ýylyň maý aýynda BSGG-nyň Ýewropa boýunça çagalaryň arasynda aşa semizlige gözegçilik ediş başlangyjynyň (COSI) hasabatynyň dördünji tapgyryny (2015–2017 ýyllar üçin) çap etdi. Maglumatlary yzygiderli ýygnamak we derňemek, Ýewropada çagalaryň arasynda aşa semizlik ýagdaýyna we onuň ösüş depginine has gowy düşünmäge we ýurtlaryň arasynda deňeşdirmeler geçirmäge mümkinçilik berýär. Maglumatlara görä, BSGG-nyň Ýewropa sebitinde (içine Türkmenistan hem girýär) çagalaryň arasyndaky aşa semizlik jemgyýetçilik saglygynyň esasy meselesi bolmagyna galýar.

СOSI hasabatynyň 4-nji tapgyry 2015 – 2017-nji ýyllary öz içine alyp, bu döwür üçin Türkmenistan bilen bilelikde 35 ýurtdan maglumat ýygnaldy. Hasabata görä, Türkmenistan boýunça maglumat ýygnamaga goşant goşan taraplar: BSGG-nyň Türkmenistandaky edarasy, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi we Enäniň we çaganyň saglygy baradaky ylmy barlag institutyndan Maýa Taňrygulyýewa.

Gatnaşýan ýurtlara aşakdaky dört ýaş toparyndan birini ýa-da birnäçesini saýlamaga mümkinçilik berildi: 6.0–6.9, 7.0–7.9, 8.0–8.9 we 9.0–9,9 ýaş aralygy. Türkmenistan diňe 7 ýaşly çagalar barada öwrendi. Netijeler: Türkmenistanda gyzlaryň 11.4% we oglanlaryň 11.5% semiz. Oglanlaryň 3.6%, gyzlaryň 2.3% aşa semiz.

COSI hasabatyny çap etmezden ozal, BSGG-nyň Türkmenistandaky edarasy 2020-nji ýylda Türkmenistanda ulularyň semizligi bilen bagly datany (sanlary) çap etdi. Data görä, Türkmenistanda aýallaryň takmynan 50% we erkekleriň 51% semiz, aýallaryň 17%, erkekleriň bolsa 15% aşa semiz. Sowalnamany dolduranlaryň dörtden biri gipertoniýadan (26%) ejir çekýär ýa-da gan basyşyny peseldýän dermanlary kabul edýär. Erkeklere garanda aýallaryň fiziki işjeňligi pes. BSGG aýallaryň göwrelilik döwründe fiziki hereketsizliginiň çagalarynyň semiz ýa-da aşa semiz doglup, geljekde saglygyna ep-esli derejede täsir edip biljekdigine ünsi çekdi.

Bu howatyrlandyryjy ýagdaýlara jogap hökmünde, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi BSGG-dan goldaw sorady.

Esasy netijeler

Türkmenistan sebitde çagalaryň gündelik miwe we gök-önümler bilen iýmitlenmek (70%) we pyýada ýa-da welosipedli mekdebe gatnamak (80%) endikleri ýokary bolan ilkinji üçlügiň hataryna girýär. Bu pozitiw endiklere garamazdan, Türkmenistan çagalaryň arasynda (40% gowrak) süýjüli iýmitleri we gazly içgileri iň köp sarp edýän we sport bilen (hepdede azyndan 1 sagat) iň az meşgullanýan (26%) hem-de gündelik azyndan 1 sagat telewizor görýän ýa-da elektron enjamlaryny oýnaýan çagalaryň iň köp sany bolan (98%) ýurtdur.

Hasabatda Türkmenistanda semizligiň we/ýa-da aşa semizligiň agdyklyk etmeginiň ene-atalaryň ýokary bilim derejesi bilen baglanyşyklydygy aýdylýar. Ýagny, ýokary bilimli ene-atalar çagalaryna ýokumsyz iýmitleri berýärler. Hasabatda bu arabaglanyşygyň sebäpleri görkezilmeýär, emma bu has içgin seljerilse gowy bolar. Biziň pikirimizçe, munuň sebäbi garaşsyzlykdan öňki we/ýa-da garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda ýetmezçiligi başdan geçiren nesilden bolan ene-atalar çagalaryny ähli islän zatlary bilen üpjün etmek isleýärler we olaryň içine ýokumsyz iýmitler hem girýär.

Adatça, bu tendensiýa beýleki ýurtlarda tersine bolýar. Ýagny, esasan bilim derejesi pes ene-atalaryň çagalarynda semizlik we aşa semizlik ýaýgyn bolýar.

Türkmenistandaky çagalaryň endikleri barada COSI hasabatyndan alnan gyzykly maglumatlar

Iýmitleniş endikleri we ertirlik: Türkmenistanda bilim derejesi ýokary ene-atalaryň çagalary az ertirlik edinýärler. Şeýle-de bolsa, miwe we gök-önümler bilen iýmitlenmek endigi tersinedir.

Ter miweler: çagalaryň köp bölegi her gün ter miweleri iýýärler.

Gök-önümler: çagalaryň 68%-den gowragy gündelik gök-önümleri iýýärler.

Gazly içgiler:

↪ Çagalaryň 42% hepdede 3 gezekden köp, 26% bolsa, her gün gazly içgileri içýärler. Türkmenistan sebitde çagalaryň gazly içgileri iň köp içýän 2-nji ýurdudyr.

↪ Mekdep binalarynda gazly içgileriň elýeterliginiň pesdigine (0% - 3%) we energiýa içgileriniň we ýokumsyz azyk önümleriniň hiç hili mahabatlandyrylmaýandygyna garamazdan, çagalar bulary örän ýokary dereje kabul edýärler.

Şor garbanalgalar:

↪ Bu endik umuman Merkezi Aziýa ýurtlaryna mahsus bolup, çagalaryň ortaça 20-25% ýygy-ýygydan duzly garbanalgalar bilen iýmitlenýärler.

Süýji garbanalgalar:

↪ Süýji garbanalgalary ýygy-ýygydan iýmek käbir gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlaryna örän mahsusdyr – hususanda, Gruziýa (62%), Bolgariýa (49%), we Türkmenistan (44%).

Ýöremek we welosiped sürmek: Ene-atalaryň bilim derejesi näçe pes bolsa, çagalaryň mekdebe ýöräp ýa-da welosipedli gitme ähtimallygy şonça ýokary. Munuň maşgalanyň maddy ýagdaýy bilen bagly bolmagy ähtimal, ýagny, gurply maşgalalaryň çagalaryny mekdebe ulagly gatnadýan bolmagy mümkin.

Sport bilen meşgullanmak:

↪ Türkmenistanda hiç hili sport ýa-da tans görnüşleri bilen meşgullanmadyk çagalaryň sany gaty ýokary (74%) bolup, olaryň 70% oglanlar we 77% gyzlardyr.

↪ Diňe 36% gündelik 2 sagatdan köp oýnamaga wagt sarp edýär.

Ekrana seretmek: Türkmenistan 7 ýaşly çagalaryň gündelik azyndan 1 sagat telewizor görmegi ýa-da elektron enjamlary ulanmagy boýunça sebitde iň ýokary ýerde durýar – 98%.

Saglygyň Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine we BSGG-nyň Türkmenistandaky edarasyna maslahatlary:

Saglyk BSGG-nyň Türkmenistandaky edarasyny COSI hasabatynyň netijelerini türkmen dilinde dürli platformalarda (döwlet, garaşsyz metbugat we sosial mediýada) ýaýratmak arkaly, halk köpçüligine ýetirmäge çagyrýar. Bu her bir maşgala degişli bolan meseleler boýunça halk arasynda giňişleýin gürrüňdeşlik açmaga mümkinçilik berer.

1. Lukmançylyk we jemgyýetçilik saglygynyň professionallarynyň, alymlaryň, mugallymlaryň, ene-atalaryň we jemgyýetçilik toparlaryň gatnaşmagy we goşandy bilen, Türkmenistanda saglyk we iýmitleniş boýunça ylma esaslanýan, milli maglumat kampaniýasyny işläp düzmek.

Dürli platformalarda ylma esaslanýan, syýasy däl we okyja amatly görnüşde sagdyn iýmitleniş, uky we fiziki işjeňlik baradaky mowzuklary Türkmen dilinde niýetlenilen toparlaryň (mekdep ýaşyndaky çagalar, ene-atalar, mugallymlar) ýaşyna görä wagyz etmek, paýlaşmak we ýaýratmak.

Sagdyn durmuş ýörelgeleri we tejribeleri barada has içgin öwrenmek meselesinde dürli sosial-ykdysady derejeleri öz içine alýan we jemgyýetiň akgynly geçişini üpjün edýän, uzak möhletli meýletin maksatnamany işe girizmek.

Maksatnamanyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek we derňäp durmak.

Maksatnamanyň mazmunyny ýaşlara degişli we gyzykly edip düzmek; maksatnamany işe girizmezden ozal, ony degişli toparlara hödürläp, synamak we bahalandyrmak.

Türkmen lukmanlaryny we alymlaryny bu işe çekmek we olary ylmy taýdan takyk maglumatlary halka ýaýratmaga çagyrmak.

2. Hasabatda Türkmenistanyň mekdep binalarynda çagalar üçin süýjüli içgileriň elýeter däldigi barada gowy habar bar. Şeýle-de bolsa, aladalanýan mugallymlar ene-atalaryň çagalara mekdepleriň daşynda energiýa içgilerini satyn almak üçin pul berýändigi barada Saglyga habar berýärler. COSI maglumatlary hatda bilimli ene-atalaryň hem sagdyn iýmitleniş barada ýönekey zatlardan habarsyzdygyny görkezýär.

Çagalary, ýetginjekleri we ululary gök we iri däneli galla önümelerini özünde saklaýan sagdyn iýmitler bilen iýmitlenmäge höweslendirer ýaly, we şol bir wagtyň özünde, et önümleriniň we süýjüli içgileriň azaldylmagyna gönükdirilen dürli reseptleri öňe sürmek arkaly, bu meselede ene-atalaryň bilimini artdyrmaga üns bermeli.

Agyr we etli naharlardan düzülen milli tagamlarymyza alternatiwa hökmünde kabul ediler ýaly, bu reseptler köpçülige ýaýradylmaly. Bu eti az iýmek medeniýetini ornaşdyrmaga kömek eder.

3. Indiki tapgyr hökmünde, süýji gatylan içgilere "şeker salgydyny" salmak barada öwerenip, ony girizmegi maslahat berýäris.

BSGG we Dünýä Bankynyň geçiren halkara barlaglary "şeker salgydyny" salmagyň zyýanly azyk önümleri bilen iýmitlenme endigini peseldýändigini görkezýär.

Azyk önümlerine we içgilere şeker gatyş standartlaryny girizip, olary halk köpçüligine we kärhanalara elýeterli etmek.

"Şeker salgydyndan" alnan peýdany pes girdejili maşgalalara miwe we gök-önümleriň elýeterliligini üpjün etmek üçin ulanmak.

Maksatnamanyň çäginde, mekdeplerde çagalar üçin miweleriň mugt elýeterligini üpjün edýän milli miwe meýilnamasyny ýola goýmak. COSI hasabatyna görä, Polşa, Wengriýa, Estoniýa we beýleki Gündogar Ýewropa ýurtlarynda bu meýilnama giňden ýaýran. Türkmenistanda mekdepleriň bary-ýogy 2-3%-de çagalara mugt miweler berilýär.

4. Fiziki işjeňligi ösdürmek we zyýanly däp-dessurlar we ýalňyş maglumatlar zerarly, fiziki taýdan işjeň bolmakdan saklanýan töwekgelçilik toparlarynyň hereketsizligini azaltmak üçin fiziki taýdan işjeň aýallaryň, gyzlaryň, çagalaryň we ýaşulularyň şekillerini ulanyp, kampaniýa döretmek.

"Fiziki işjeňlik göwreli aýallar üçin gowy däl" ýa-da "aýallar we gyzlar maşk etmeli däl" ýaly medeni toslamalary paş edýän maglumatlary gözlemek, işläp düzmek we halk köpçüligine ýaýratmak.

Ýaşaýyş jaýlarynyň we mekdepleriň töwereginde çagalar üçin niýetlenen oýun meýdançalaryny gurmak we bedenterbiýe çärelerini öňe sürmek.

5. Uly şäherlerden daşary hem, obalarda, şäherçelerde we ol ýerlerdäki mekdeplerde hem, ýokarda agzalan kampaniýalary we maksatnamalary ýola goýmak.

Makala iňlis dilinde