METAN GAZYNYŇ SAGLYGYŇA ÝETIRÝÄN TÄSIRI

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

metan tasiriSoňky bäş ýylda alymlar klimatyň üýtgemeginiň juda erbet täsirleriniň öňüni almak üçin metan emissiýasyny çalt we uly möçberde azaltmagyň zerurdygyny subut etdiler

Metan näme? Kuwwatly parnik gazy bolan metanyň 20 ýylda kömürturşy gazynyň (CO2) bölüp çykarýan ýylylygyndan 80 esse köp ýylylyk goýberme güýji bar. Metanyň ýere ýakyn ozony emele getirmegi ilatyň saglygyna hem täsir edip biler.

Saglyga Zyýanly Howa Hapalaýjylar (SZHH) näme? SZHH - adam saglygy üçin howply bölejikler we gaz halyndaky, bugarýan ýa-da ýarym bugarýan birleşmelerdir. SZHH emissiýalarynyň çeşmeleri ilatly ýerlere näçe ýakyn bolsa, olaryň adam saglygyna zyýan ýetirme töwekgelçiligi şonça ýokarlanýar.

Metanyň özi adam saglygyna zyýanly däl hem bolsa, ol hemişe diýen ýaly beýleki zyýanly himiki maddalar bilen birlikde bölünip çykýar. Nebit-gazyň bölüp çykarýan käbir saglyga zyýanly howa hapalaýjylaryndan az mukdarda bolsa-da dem almak wagtyndan öň dogruma, demgysma, rak keseline we beýleki agyr kesellere sebäp bolup biler.

Esasy netijeler:

↪ Nebit-gaz çeşmelerinden çykýan metan emissiýalary hemişe diýen ýaly düzüminde saglyga zyýanly howa hapalaýjylary (SZHH) saklaýar. Ýöne, SZHH çeşmeleriniň ählisi metan çeşmesi däldir.

↪ Metan we SZHH emissiýalarynyň agramly bölegi nebit we gaz üpjünçilik zynjyrynyň her bir pudagyndan çykýar. Bu zyňyndylary uly möçberlerde azaltmagyň mümkindiginiň aýdyň subutnamasydyr.

↪ Nebit we gaz üpjünçiliginde syzyjy emissiýalary (wentilýasiýa we syzmalar) azaltmak tagallalary metanyň we käbir SZHH emissiýalarynyň hem bir wagtda azalmagyna getirer.

↪ Soňky on ýylda nebit we gaz emissiýalaryna ylmy taýdan düşünmek ep-esli berkedi.

2019-njy ýylyň ýanwarynda Kler emeli hemrasy arkaly Türkmenistanyň günbatarynda zyýanly metan gaz syzmasy anyklanýar. Saglygyň bu barada ýazan düşündirişini şu ýerde okap bilersiňiz: "Tebigy gaz we adam saglygy" Bloombergiň derňewlerine görä, Türkmenistan dünýäde planetany maýladýan metan gazyny iň köp bölüp çykarýan ýurtlaryň biridir.