16-NJY SENTÝABR – OZON GATLAGYNY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNÜDIR

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.67 (27 Ses)

1970-nji ýylda alymlar birnäçe himiki maddalaryň Ýer togalagyny gorap saklaýan ozon gatlagyna edýän ýaramaz täsiri barada aladalanma bildirip bäşladylar. 80-nji ýyllaryň başynda bu aladalar Arktikanyň üstünde atmosferanyň stratosfera bolegindäki ozon gatlagynyň ýukalyp başlanmagy ýaly täze maglumatlar bilen tassyklandy. Ozon gatlagy doly ýitmedik bolsa-da, onuň juda ýukalýanlygynyň şaýady bolan "ozon deşikleri" barada gürrüňler peýda bolupdy.

Atmosferadaky ozon gatlagynyň ýukalmagy adamlar, haýwanlar we ösümlikler üçin howply bolan ultramelewşe şöhleleriniň ýere päsgelçiliksiz geçmegine şert döredýär. Günden gelýän şöhleleriň bir toparyna ultramelewşe şöhleleri diýilýär.

Adamyň amala aşyrýan işleriniň geriminiň giňelmegi bu gatlagyň kem-kemden weýran edilmegine sebäp boldy. Ozon gatlagyny dargadajy maddalar oba hojalygynda, howa we iýmit sowadyjylar ýaly enjamlarda ulanylýarlar.

Dargaýan ozon gatlagy gün radiasiýasynyň ýitilenmegine getirýär. Radiasiýa adamlaryň saglygyna we daşky gurşawa öz ýaramz täsirini ýetirýär. Munuň içine deri keselleri (deride bolýan rak keselleri we wagtyndan öň garramaň alamatlary), gözuň keselleri (katarakta) we immun ulgamyň gowşamagy ýaly ýagdaýlary degişli edip bolar. Ylmy barlaglar ultramelewşe radiasiýasynyň käbir haýwanlara we ösümliklere bolan ýaramaz täsiriniň bardygyny görkezýär.

Bu ýaramaz ýagdaýlaryň öňüni almak uçin we boldugyndan ozon gatlagyny dikeltmek maksady bilen dürli ýurtlaryň baştutanlary çykalga gözlemäne synanşdylar. 1987-nji ýylda 191sany ýurtlar daşky gurşawyň goragyna degişli bolan taryhy "Ozon gatlagyny dargydyjy himiki maddalary boýunça Monreal protokol" atly teswirnama gol çekdiler. Namanyň esasy maksady – adam tarapyndan işlenilip çykarylýan ozony dargadyjy maddalaryň ulanylmagyny azaltmak we olaryň çykarylmagyny we ulanylşyny bes etmekdir. Bu nama gol çeken döwletler ozon gatlagyny goramagy we geljekde ozonyň ýukalmagyna getirýän maddalaryň ulanylyşdan çykarmak jogapkäçiligini üstüne alýarlar.

Türkmenistan bu protokola 1993-nji ýylda gol çekdi.

Ulanylan çeşmeler: 1 - Türkmenistanyň kanuny / 2 / 3 / 4 / 5 / 6

  • 4047 gezek okalan