COVID ÝOKANÇLYGYNA NÄME BOLDY?
2020-nji ýylyň aprelinde dünýä ýüzünde adamlar COVID-19 ýokançlygynyň ýaýramasynyň öňüni almak üçin girizilýän hereket çäklendirmelerine düşünmekde we öwrenişmekde kynçylyk çekýärdiler. Indi alty ýyl soňra welin, mekdepleriňdir edaralaryň ýapylmasy, maska geýmek ýa-da sosial aradaşlygy saklamak köne ýatlama bolup galdy. Çyndanam COVID indi geçmişde galan howpmy? Ýa-da diňe 2020-2021 ýyllaryň özünde takmynan 15 million adamyň janyna ýeten bu keselden henizem hüşgär bolmalymy? Hünärmenleriň köpüsiniň aýtmagyna görä, COVID ýokançlygyna sebäp bolýan SARS-COV-2 wirusy ilki ýüze çykanyndan bäri juda üýtgäp, indi jemgyýet köpçüligi üçin edil dümew we dem alyş ýollarynyň beýleki wiruslary ýaly ýokançlyga öwrüldi, emma welin käbir toparlar üçin ol heniz hem howply kesel bolup galýar.
Häzirki wagtda her bir adamda SARS-2 wirusyna garşy biraz hem bolsa immunitet bar
Covid-iň ilki ýaýrap başlan döwründe biziň hijimiziň oňa immunitetimiz ýokdy, bu bolsa keseliň jemgyýetçilik saglygynda uly howsala döredip, uly zyýan bermegine getirdi. Soňra bolsa, ýyllaryň geçmegi bilen, adamlaryň her biri diýen ýaly ýa waksina aldy ýa-da keseli geçirdi we netijede immun ulgamlarymyz bu wirusa garşy göreşmegi öwrenip başladylar. Hatda özüni hiç haçan Covid bilen kesellemedik diýip hasaplaýan adamlaryň hem keseli alamatsyz geçiren bolmagynyň örän ahmaldygy aýdylýar.
Häzirki wagtda hem, SARS-2 aramyzdan doly ýitip gitmedi, esasan-da 2021-de dörän omikron ştamynyň dürli görnüşleri şu wagt hem ýygy duş gelýär, emma indi ol ýokuşsa hem adatça ýeňil geçip gidýär.
Agyr kesellemeler we ölümler azaldy
ABŞ-da 2021-nji ýylda COVID 18 ýaşdan ulularyň ölümçiliginiň iň esasy sebäpleriniň içinde 3-nji orunda durýardy. 2024-nji ýyla çenli bu ýokançlyk 15-nji orna düşdi. Has az ölümlere we has az agyr kesele sebäp bolmakdan ötri, ylmy gözegçilikler SARS-2 wirusynyň indi öňküler ýaly köp adama ýokuşmaýandygyny görkezýärler.
Hünärmenleriň aglabasy indi bu wirusyň adamlara dümewe sebäp bolýan wiruslar topary ýaly täsir edýändigini ýa-da etjekdigini belleýärler. Şeýle-de bolsa, gartaşan adamlaryň, ýaş çagalaryň we immuniteti gowşak adamlaryň Covid-iň öňünde heniz hem ejiz galýandyklaryny-da duýdurýarlar.
BSGG-nyň 2024-nji ýylyň soňunda çap eden maglumatlaryna görä, agyr kesellemeden goranmak üçin ýokarky töwekgelçilikli topardaky adamlara her 6 aýdan ýa-da 1 ýyldan, göwrelilere bolsa her göwrelilikde bir gezek güýçlendiriji (buster) COVID sanjymyny almak maslahat berilýär.
- 15 gezek okalan