• Makalalar
  • COVID-19
  • KORONAWIRUS BILEN BAGLY ÝAGDAÝLARA SYN WE SAGLYK HABARLARY (16.01.2021)

Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

KORONAWIRUS BILEN BAGLY ÝAGDAÝLARA SYN WE SAGLYK HABARLARY (16.01.2021)

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.33 (145 Ses)
Image

ÜNS BER!

Biz COVID-19 baradaky fakt-barlaglarymyzda halkara derejede tanalýan saglyk guramalaryna we saglyk hünärmenlerine esaslanýarys. Epidemiýa baradaky maglumatlaryň yzygiderli täzelenip durýandygy sebäpli, biziň hem fakt-barlaglarymyz şolara görä täzelenip durýar. Eger-de lukmançylyk maslahatyny gözleýän bolsaňyz, lukmana ýüz tutuň. COVID-19 barada goşmaça maglumat almak üçin Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň websaýtyny okaň.

HABARLAŞMAK KONTAKTLARY

Türkmenistanyň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň salgysy: tel: +993 12 28-14-47, 28-22-04;

Türkmenistanyň Saglygy Goraýyş ministrligi: tel: +993 12 40-04-16, +993 12 40-04-07;

1-nji aprel: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi 24 sagat işleýän koronawirus boýunça sorag-jogap gyzgyn liniýasyny açdy – 73-95-35;

BSGG Türkmenistan: +993 12 48-83-25;

@BSSG Turkmenistan (Instagram), @UN_Turkmenistan, @UNDPTM, @UNRССA (UN Regional Center for Preventive Diplomacy for Central Asia)

09-15 ÝANWAR 2021

Koronawirus (COVID-19) bilen bagly ýagdaýlara syn we saglyk habarlary:

Sanlar

John Hopkins University and Mediсine: kesellänler 93240925, ýogalanlar: 1997095, sagalanlar: 51487843.

BSGG: Türkmenistan: kesellänler: 0, ýogalanlar: 0, Gazagystan: 211901 (2885), Gyrgyzystan: 82723 (1378), Özbegistan: 77777 (618), Täjigistan: 13705 (91), Russiýa: 3495816 (63940), Owganystan: 53831 (2324), Türkiýe: 1541501 (23325), Eýran: 1311810 (56538).

Türkmenistan

Hans Kluge, BSGG-nyň Ýewropa boýunça sebitleýin müdiri: "Gürrüňdeşligimizde biz Türkmenistana BSGG bilen hyzmatdaşlykda test geçirmegi we test nusgalaryny hil kepilligi üçin ýurduň daşyndaky BSGG laboratoriýalaryna ibermegi maslahat berdik. Men soňra Daşary işleri ministrinden we Saglyk ministrinden hem habar tutdum. Gynansakda, häzire çenli olardan kesgitli bir habar bolmady".

Türkmenistan we Bütindünýä banky global pandemiýa garşy göreş taslamasyny ara alyp maslahatlaşdylar. Dört ýyla çekmeli bu maksatnamanyň býujetiniň 200,000 ABŞ dollaryna barabar boljakdygy çaklanylýar.

Täze СOVID ştamlary (görnüşleri)

BSGG täze koronawirus ştamlarynyň eýýäm surnugan hassahanalara agyr düşjekdigini aýdýar. BSGG-nyň adatdan daşary saglyk hadysalarynyň başlygy Maýk Raýan bu ştam barada şeýle belledi: "Täze ştam futbol oýnunyň ikinji ýarymyna meňzeýär. Bu ştam oýnuň düzgünlerini üýtgetmese-de, wirusa täze energiýa berýär".

↪ Wirusyň Birleşen Patyşalykdaky mutasiýasy çagalara has köp ýokuşagan bolup bilermi? Epidemiologlar bu soraga jogap tapmagyň möhümdigini aýdýarlar. Çünki wirusyň strukturasyndaky üýtgeşmeler onuň ilatda howp salýan toparlaryny üýtgedip biler.

Ýaponiýada Braziliýadan gelen 4 sany syýahatçyda koronawirusyň täze ştamy anyklanyldy. Bu ştam wirusyň Birleşen Patyşalykda we Günorta Afrikada anyklanylan has tiz ýokuşýan görnüşlerine meňzeýär, şonuň üçin hem tiz ýokuşýan bolmagy ähtimal. Emma, ýapon alymlary heniz hiç zadyň aýdyň däldigini aýdýarlar.

Ylmy-barlag işleri

↪ COVID-19 bilen agyr keselläp ölýänleri 25% azaltmaga ukyply dermanlaryň ýene ikisi tapyldy. Tocilizumab” we "sarilumab" atly bu sowuklama garşy serişdeler asma ukol (damja) görnüşinde berilýär. Birleşen Patyşalygyň hökümeti bu dermanlaryň ýurtdaky syrkawlara elýeterliligini üpjün etmek üçin onuň öndürijileri bilen ýakyndan işleşýär.

↪ Häzire çenli geçirilen habar-alyş barlaglarynyň iň uzyny bolan ylmy-barlagda, Wuhan hassahanasyna girip çykan 1,733 näsagdan COVID-19 simptomlary bildirip başlanyndan 6 aýdan soň habar alyndy. Netijelere görä:

▷ Iň ýaýgyn simptomlar: ýadawlyk we ysgynsyzlyk, uklamakda kynçylyklar, ynjalyksyzlyk we depressiýa.

▷ Esasan aýallar we keseli agyr geçirenler yzygiderli psihologik simptomlary başdan geçiripdirler.

▷ Kesel ýitileşenden tä aýrylýança bitaraplaşdyryjy antibedenleriň möçberi mazaly azalypdyr. Bu bolsa gaýtadan kesellemek barada ünji döredýär (hatda wirusyň gaýtadan ýokuşma ähtimallygy örän pes hem bolsa)

▷ Keseli agyr geçirenlerde öýkeniň anomal funksiýalary has ýokary bolupdyr. Bu bolsa, keselhanadan çykarylansoň hem, syrkawlara ideg etmegi dowam etmelidigini görkezýär.

↪ "Biz COVID-19-yň endemiýa öwrüljegine düşünmeli. Hatda eger dünýädäki her bir adam waksina alsa-da, wirusyň yzyna gaýdyp gelmegi mümkin" diýip, Britaniýaly alymlar duýdurýarlar. Ekspertler hökümetiň "gysga-wagtlyk" çärelerini tankytlap, bu çärelere täzeden göz aýlamaga çagyrýarlar.

↪ "Immun öýjükleri bozulýar": Käbir COVID-19 näsaglarynda ýüze çykan ölüm howply öýken zeperine wirusyň öýkendäki immun öýjüklerine ýokuşmagy sebäp bolýar. Bu bolsa barha artýan sowuklama döredýär.

Wirusa garşy serişde bolan remdesiwir koronawirusyň Birleşen Patyşalykda we Günorta Afrikada tapylan täze ştamlarynda barlanylyp görülýär. Bu derman eýýäm koronawirusyň 2,000 ştamynda täsirlilik görkezipdi.

Täze barlaga görä, keselden gutulanlaryň gan plazmasy haçanda düzüminde köp mukdarda antibeden bolanda we COVID-19 näsaglaryna kesel anyklanylandan soň 3 günüň içinde berlende peýda edýär.

↪ 9 ýurtdan bolan BSGG derňewçileri pandemiýanyň nädip başlandygyny öwrenmek üçin, Hytaýyň Wuhan welaýatyna geldiler. Aslynda 13 adamlyk bolan derňewçiler toparynyň 2 agzasy Hytaýyň syýahatçylardan talap edýän antibeden testinden geçmedikleri üçin ýurda girip bilmediler. Bu topar, hytaý alymlary bilen birlikde, saglyk depderçelerini barlarlar, saklanylyp goýlan lukmançylyk nusgalaryny testden geçirerler, we üpjünçilik ulgamlaryny hasaba alarlar. Bu pandemiýanyň gözbaşyny yzarlamak işi birnäçe ýyla çekip biler, emma geljekki betbagtçylyklaryň öňüni alyp biler. "Munda üstünligiň esasy görkezijisi: global ilat saglygyna bolan halkara ynamyň dikelmegi bolar" diýip, Gong Kongdaky City Uniwersitetinden Nikolas Tomas belleýär. Golland wirusology Marion Koopmas hem, "Topara derňew işinde hiç hili çäklendirmeleriň ýokdugy aýdyldy" diýýär. "Biz çynymyzy edip sabyr etmeli we tankytlamaly däl. Bu örän dykkat, yhlas, we wagt talap ediji iş" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirýär.

Waksinasiýa

Üpjünçilik kemçilikleriniň we berk ornaşan waksina milletçiliginiň arasynda, pes we orta-girdejili ýurtlarda COVID-19 waksinasynyň milliardlarça adama ýetmesi üçin birnäçe ýyl gerek bolup biler. Bu deňsizlik bolsa, ähli ýurtlaryň aýaga galmagyna howp salýar. Waksinanyň deň üpjünçiligini gazanmak üçin döredilen başlangyç, COVAX, waksinanyň bu ýyl pes we orta-girdejili ýurtlardaky adamlaryň maksimum 20%-ne ýa ondan hem az bölegine ýetjekdigini çaklaýar.

Lukmanlara ynam etmezlik we iňňe kemçiligi: Ýewropada COVID-19 waksinasy bilen bagly meselelere nämeler sebäp bolýar? Ýewropada koronawirusa garşy waksina çäreleri haýal depginde geçýär. ABŞ we Britaniýa eýýäm ilatynyň 1-2 göterimine, we Ysraýyl 16 göterimine sanjym eden bolsa, käbir Ýewropa ýurtlary sanjyma indi başlajak bolýarlar.

BBC: Ruslaryň waksina bolan ynamy örän pes. Geçirilen soragnama görä, ruslaryň 58 göterimi COVID-19 waksinasyny hatda mugt almaga hem taýýar däl. Waksinasiýa barada sosial ulgamlarda köp gürleşilýär, antibedenleriň analizleri paýlaşylýar, waksinalaryň görnüşler we peýdalary barada maslahatlaşylýar. Internet ulanyjylaryň ençemesi diňe Pfizer, Moderna ýa AstraZeneca ýaly, günbatar waksinalaryny almaga taýýardyklaryny aýdýarlar. Russiýada 1.5 milliondan gowrak adam COVID-19 waksinasyny aldy. Häzir ýurtda ikinji ýerli waksina bolan "Wektor" merkeziniň çykaran waksinasy barlagdan geçirilýär we üçünji boljak Çumakow adyndaky merkeziň waksinasynyň barlaglary basym başlamaly. Eýýäm fewral aýyndan başlap, ruslaryň daşary ýurt waksinalaryny alyp bilmekleri mümkin.

Hytaý waksinasy umytlary gaçyrýar: Braziliýada geçirilen kliniki synaglara görä, Hytaýda ýasalan waksina 50%-den hem az täsirlilik görkezdi. Bu bolsa çak edilen göterimden (78%) has pesdir. Bu, esasan hem, pes we orta-girdejili ýurtlar üçin umydy azaltdy. Azyndan 10 ýurt CoronaVac waksinasynyň 380 million dozasyny sargapdy. Bu waksinanyň bahasy we saklanylyşy günbatar waksinalaryndan has amatly bolup, onuň ýasalyşy köne tehnologiýalara daýanýar. Köne tehnologiýalar bolsa, waksinanyň netijeliligini peseldip bilýärler – bu waksina ýasamakda günbatar ýurtlarynyň üýtgeşik ýoly saýlamaklarynyň bir sebäbidir. "Gowy saklanylan Ford Model T maşyny seni Wuhandan Pekine aşyrsa aşyraram, ýöne meniň özüm-ä Teslany saýlardym" diýip, Cornell uniwersitetinden Jon Moore köne waksina tehnologiýasy bilen täzelerini deňeşdirýär. Şeýle-de bolsa, Butandan Institutynyň müdiri Dimas Kowas "Her gün 1000 adamsy ölüp duran ýurt üçin bu waksina ajaýyp guraldyr" diýip, belleýär.

Millardlarça adam waksina köpräk garaşmaly bolar. "The Economist" gazetinden Agathe Demarais dünýäde kimiň haçan waksina alyp biljekdigini görkezýän kartany Twitterde paýlaşdy. Economist zurnaly tarapyndan çykarylan bu karta, waksinanyň ösen döwletlere basym baryp gowuşjakdygyny, emma pes we orta-girdejili ýurtlaryň has uzak, hatda 2024-nji ýyla çenli garaşmaly boljakdygyny görkezýär. 8 million töweregi adamyň bu karta görkezen reaksiýalaryndan ugur alsak, dünýäde nägilelik artýar we bu ýagdaý pes we orta-girdejili ýurtlarda sosial gozgalaňlary oýaryp biler. Şol bir wagtyň özünde-de, günbatara gahar edýän örän kän – esasanam wirusy ýaýradýan baý syýahatçylara hem-de günbatar farmasewtik firmalaryna. Käbirleri ‘pandemiýa gowşak jogap görkezeni üçin ABŞ waksinany iň soňunda almaly’ diýýär. Käbirleri bolsa, Hytaýyň "dogry sözli" bolmagy ýa "wirusyň ýaýrawyny azaltmagy" başarmandygyny belleýär.

Täze düzgün: Indi ABŞ ýurda girýän ähli adamlardan negatiw COVID-19 testini görkezmegi talap edýär. Şeýle-de, ýurda gelýänler gelenlerinden 3-5 gün soňra testden geçmeli we syýahatdan soňra 7 günläp öýde oturmaly.

Başga habalar

↪ Amerikada ylmy-barlagçylaryň has köp sanlysy teniňi satmagyň kanunlaşdyrylmagyny gazanmak üçin, onuň ilat saglygyna oňaýly täsir etjekdigini aýdýan tarapdarlara goşulýarlar. Kanunlaşdyrmagyň tarapdarlary teniňi satmagyň jenaýat hasaplanmagynyň işçileri kyn günde goýýandygyny belleýärler: Ýagny munuň netijesinde, tenini satýan işçiler polisiýadan gorkýarlar we müşderiden howp abananda hem kömek sorap bilmeýärler – işçiler tussag edilmekden ýa-da kanun goraýjy işgärler tarapyndan hem zorlanmakdan gorkup bilýärler. Şeýle-de, tenini satýanlara jemgyýetçilik hyzmatlaryny, maddy üpjünçiligi we saglygy goraýyş hyzmatlaryny almak kyn bolýar. Tarapdarlaryň aýtmagyna görä, haçanda teniňi satmak kanunlaşdyrylanda, bu tenini satýanlaryň howpsuzlygyny pugtalandyrýar. Olar has tertip-düzgünli we has erkin hereket edip bilýärler. Şeýle-de, kanunlaşdyrmak AIW ýokançlygynyň ýaýramagyny azaldyp bilýär. Netijede, tenini satýanlar prezerwatiw götermekden gorkmaýarlar we müşderileriniň öňünde has köp kontrasepsiýa düzgünlerini goýup bilýärler. Olar polisiýadan ýa tankytlanmakdan çekinmän, saglygy goraýyş we jemgyýetçilik hyzmatlaryndan arkaýyn peýdalanyp bilýärler.

↪ Howa hapalanmasy zerarly göwreliligiň düşmegi. The Lancet žurnalynda neşir edilen täze barlaga görä, dünýäde howanyň iň hapalanan sebitleriniň bir bolan Günorta Aziýada göwreliligiň düşmegi hem iň ýokary derejededir. Hindistanda, Bangladeşde, Päkistanda her ýyl 350,000-e golaý göwreliligiň düşmegi hapalanan howa bilen baglydyr. Alymlar üsti örtülmedik köçelerdir elektrik beketleri ýaly dürli ýerlerden emele gelýän, zyýanly himiki maddalaryň toplumyny özünde jemleýän howa hapalaýjy PM2.5 ownujak bölejikleriň öýkene has içgin ornaşyp bilýändigini öwrendiler. Howa hapalanmasynyň sebitdäki göwrelilige ýetirýän täsiriniň mukdaryny kesgitleýän ilkinji barlag daşky gurşawyň hapalanmasyna garşy dessin çäreleri görmeklige itergi bolar diýip alymlar umyt edýärler.

Argentinanyň aborty kanunlaşdyrmagy oňaýsyzlyklara sebäp bolar. Bu karar bir tarapdan kampaniýaçylary has köp liberal kanunlara höweslendirse, beýleki tarapdan ters pikirlileri aýaga galdyryp biler.

Saglyk.orgСOVID-19 ähli soraglaryňa jogaplar. Oka, goran, paýlaş! Bizi IMO-da hem yzarlaň! (Group Name: Saglyk; Group ID: 15022763

Özüňi we maşgalaňy gora

Barlaglar (Testler)

Karantin

Wirus

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy täze koronawirus (Covid-19) barada ýaýran toslamalary paş etdi

"Pandemiýa" näme?

Ýüzärlik

Alkogolly içgiler koronawirusdan goraýarmy?

Koronawirusyň (Covid-19) we dümewiň meňzeşlikleri we tapawutlary

Oksolin ýagy (оксоли́новая мазь) koronawirusyň ýokuşmagynyň oňüni alýarmy?

Covid-19 wirusy näçe wagtlap zatlaryň ýüzünde diri galyp bilýär?

Ibuprofen dermany Covid-19 bilen kesellänleriň ýagdaýyny ýaramazlaşdyrýarmy?

Günüň aşagynda durmak koronawirusdan (Covid-19) goramaýar

Inçekesel waksinasy koronawirusdan gorap bilýärmi?

Covid-19: immunitet we möwsümleýinlik

Täze koronawirus adamlaryň aglabasyna ýokuşarmy?

SARS-COV-2 wirusyny kontrolda saklap, aradan aýryp ýa-da ýok edip bolýarmy?

SARS-COV-2 wirusy jynsy gatnaşykda spermanyň (dölüň) üsti bilen ýokuşyp bilýärmi?

Jemgyýetçilik basseýnlerine haçan arkaýyn gidip bolar?

Atipiki pnewmoniýa näme?

Adam jaýlananda howpsuzlyk we hormat

Burnum ys alanok. Bu koronawirusyň alamatymyka?

Alymlar koronawirusyň howada saklanmagy barada BSGG-a ýüzlenýärler

Covid-19 bilen keselländen näçe wagt geçensoň adamlar bilen gatnaşyp bolýar?

Okyjydan: Koronawirus simptomsyz hem geçip bilýär diýýilýär, düşündiräýseňiz

Covid-19: Nädip dezinfeksiýa etmeli?

Okyjydan: Hlory ýa-da natriniň gipohloridini howa sepmek koronawirusy öldürip bilýärmi?

Okyjydan: Bir gezek Covid-19 bilen keselläp gutulsaň, kesel täzeden ýokuşyp bilýärmi?

Covid-19 öňümizdäki dümew möwsümini beterleşdirermi?

Aerozol geçirijileri barada has köp subutnama tapyldy

Hajathanalarda Covid-19 ýokuşyp bilýärmi?

Koronawirusyň esasy alamaty – ys alşyň ýitmegi

Ys alşyň ýitmeginden-tutgaýlara çenli: Covid-yň köpugurly hüjümi

ELLERI NÄDIP DOGRY ÝUWMALY?

SEN NÄDIP SALAMLAŞÝARSYŇ?

Image

Salamlaşanyňyzda

BOLMAÝAR:

Elleşmek;

Gujaklaşmak;

Öpüşmek.

BOLÝAR:

Baş egmek;

Mylaýym ýylgyrmak;

Eliňi galgatmak;

Eliňi ýüregiňe goýup egilmek.

A SEN NÄDIP SALAMLAŞÝARSYŇ?

#salamlaşmak #koronawirus

  • 35812 gezek okalan