• Makalalar
  • Göwrelilik
  • Sagdyn çaga
  • ÇAGAŇ SAÇY BITLEDIMI? OŇA NÄDIP HOWSALA DÜŞMEZDEN ÇÄRE GÖRMELI?

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ÇAGAŇ SAÇY BITLEDIMI? OŇA NÄDIP HOWSALA DÜŞMEZDEN ÇÄRE GÖRMELI?

  • Lukman
1 1 1 1 1

cagan sacy bitledimiÇagaň kellesinde bitiň ýa-da sirkäniň bardygyny görüp howsala düşmezlik mümkin däl bolsa gerek. Eger bitleriň kesel ýokuşdyrmaýandygyny we olaryň saglyga ýetirýän iň uly zyýanynyň gijiletmekdigini bilseň gaýgyň azalarmy?

Saç biti barada faktlar:

↪ Saç biti esasan 3-11 ýaş aralygyndaky çagalarda duş gelýär;

↪ Olar gyzlarda has köp duş gelýär;

↪ Saç bitleri ähli görnüşli saçlara düşüp bilýär. (göni, buýra, boýalan ýa tebigy saç)

Saç biti nädip ýaýraýar?

Saç bitleri uçup bilmeýärler, olar haýwanlardan geçmeýärler, olar hapysalyk bilen hem baglanyşykly däl. Saç bitleri esasan kelleleriň biri-birine degmegi arkaly bir çagadan beýleki çaga geçýärler. Bu mekdepde bedenterbiýe ýaly sapaklarda, oýun oýnalanda ýa-da mekdepden daşarda hem bolup geçip biler.

Saç biti seýrek ýagdaýlarda şahsy esbaplar paýlaşylanda hem geçip bilýär. Meselem, şapkalar ýa tahýalar, daraklar ýa-da saça dakylýan aksessuarlar arkaly. Saç biti her 12-24 sagatdan gan bilen naharlanyp durmasa ýaşap bilmeýär – ýagny ol adamyň kellesinden daşda bir günden uzak diri galyp bilmeýär.

Saç bitiniň ýaýramasynyň öňüni al

Çagaňda saç bitiniň bardygyny bilen badyňa onuň maşgalada başgalara ýaýramazlygy üçin çäre gör:

↪ Çagany gujaklamakdan ýa-da derisine aşa ýakynlaşmakdan saklan;

↪ Hojalykdaky beýleki çagalaryň we ulularyň saçlaryny hem barla;

↪ Çagaňda saç bitiniň bardygyna göz ýetiren wagtyň onuň eýýäm birnäçe günläp bitleri göterip ýören bolmagy we bitden doly dynmak üçin tutuş maşgalany gözden geçirmeli bolmagyň mümkin.

Şapkalary, ýaglyklary, ýassyk daşlary we kellä degýän beýleki zatlary gyzgyn suwda ýuwmak saç bitiniň ýaýramagynyň öňüni alyp biler. Emma, tutuş öýi dezinfisirlemek hökman däl, çünki bit jansyz zatlarda ýaşap bilmeýär we köplenç olardan geçmeýär.

Saç bitiniň uzak ömri barmy?

Saç biti saçlarda aşakdaky görnüşlerde gabat gelip bilýär:

↪ Bitiň ýumurtgalary (sirke) saçyň düýbüne ýelmeşip durýarlar. Olar goňaga hem meňzeş görnüp bilýärler, emma lupa bilen seredip görseň olar goňak ýaly ýasy däl-de, süýri şekillidirler;

↪ Ýumurtgalardan çalymtyl-ak reňkli nimfa çykýar we ol ýetişýänçä üç etapdan geçýär;

↪ Ýetişen saç biti açyk mele reňkli bolup, saçyň tarlarynda ýa-da kelläniň derisinde gezmeläp ýörýär.

Saç bitinden başbütin dynmak üçin bitiň bu 3 nesliniň ählisini öldürmeli ýa-da ýaşaýşa ukypsyz hala getirmelidir.

Ýaşaýyş gurşawyny bozmagy göz öňünde tut

Saç biti adam bolmasa ýaşap bilmeýär. Eger-de saçy aýyrsaň saçdaky bitler hem ölýärler. Çaganyň saçyny kesmek iň soňky çykalga ýaly görünse-de, käbir ene-ata üçin bu oňyn çözgüt bolup biler. Esasan-da, eger çaga hemişe gysga saçly gezýän bolsa, bitiň ýaşaýyş gurşawyny bozmak beýle kyn hem düşmez.

Saç biti üçin nähili serişdeleri dermannamasyz alyp bolýar?

Saç biti bilen göreşmekde ilkinji ädim dermannamasyz satyn alyp bolýan bite garşy şampunlardyr. Bu şampunlaryň içindäki aktiw ingredientlerine üns bermek we olaryň biti haýsy tapgyrynda öldürýändigine düşünmek möhümdir. Bu şampunlaryň köpüsi sirkeleri öldürmeýär, şonuň üçin nimfalar ýumurtgalardan çykansoň şampuny ýene bir gezek ulanmak gerek bolup biler.

Eger dermannamasyz alynýan serişde netije bermeýän bolsa, bu köplenç onuň nädogry ulanylýandygy sebäplidir. Ene-atalaryň ulanyş düzgünlerini hiç hili okamazlyklary ýa-da bir gezeklik dozany birnäçe gezege bölüp ulanmaklary mümkin. Serişde dogry ulanylanda, ilkinji ulanyşdan soňra kellede gezip ýören bit galmaýar. Eger-de janly bitler aýrylmadyk bolsa, onda serişdäni ulananyňda bir ýerinde ýalňyşlyk goýberensiň ýa-da bu serişde seniň çagaňa düşen bitiň görnüşine garşy täsirli däldir.

Saç bitlerinden dynmak üçin goşmaça maslahatlar

Käbir ene-atalarda saç bitlerini öýde ýasalýan serişdeler (ýaglar, maýonez, uksus, duzly suw we ş.m.) bilen aýyrmaga synanyşmak islegi döräp biler. Bu çäreler bulaşyk, wagt alyjy we ylmy taýdan subut edilmedikdir. Eger sen dermannamasyz alynýan bit serişdesinden peýda tapmadyk bolsaň we çagaň saçynyň ýaňadan bitlemedigine ynamyň bar bolsa, onda lukmançylyk kömegini gözle. Seniň çagaň saçyna düşen bitiň ulanýan serişdeleriňdäki aktiw ingredientlere durnukly bolmagy ahmal. Saç biti üçin dermannamaly berilýän serişde almak üçin maşgala lukmanyna ýa-da dermatologa ýüz tut.

Sirkelerden heder etme

Çagaň saçyny ýörite serişde bilen ýuwanyňdan 3 hepde soňra saçda gezip ýören janly bit görünmeýän bolsa, onda arkaýynlaşyp bilersiň. Çünki eger sirkeler diri bolsadylar, ol wagta çenli ýarylyp, bitler ýüze çykardy. Sirkeler we olaryň daşky gatlaklary saçda birnäçe wagtlap saklanyp bilerler, emma olar ýaşaýşa ukyply bolmazlar. Dermannamaly berilýän serişdeleriň köpüsi ýetişen bitler bilen bilelikde sirkeleri hem öldürýärler, şonuň üçin beýle serişdeler ulanylandan soňra saçlary daramak hökman däl.

Kelle gaşamalara üns ber

Gynansakda, çaganyň saçyna bitiň düşmesiniň öňüni alyp biljek çäre ýok. Seniň ene-ata hökmünde edip biljek iň gowy zadyň çagaň kellesiniň gijileýändigine üns bermekdir. Saç bitiň gyllygyndaky himikatlar derini gijiledýär. Çagalaryň ählisi ilki başdan gaşanyp başlamaýarlar, emma öň saçy bitläp gören çagalaryň ir gaşanyp başlamaklary mümkin. Muňa üns bermek arkaly saç bitine irgözinden çäre görüp bilersiň.

Johns Hopkins Medicine

  • 197 gezek okalan