1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

who habar beryarBütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) bellemegine görä, gartaşan aýallaryň, şeýle-de maýyplygy bolan aýallaryň zuluma duçar bolma töwekgelçiligi has uly bolsa-da, ýerli we halkara gözleglerde we derňewlerde olar ünsden düşürilýär. Bu toparlardaky aýal-gyzlaryň ýagdaýlaryna has içgin düşünmek we olara ýokary hilli goldaw bermek üçin, BSGG ýurtlary ýerlikli barlaglarydyr derňewleri geçirmäge çagyrýar.

Gender esasly zorluk boýunça häzire çenli geçirilen sanlyja barlaglar bu topardaky aýallara köp zorluk edilýändigini görkezýär. Barlaglaryň biriniň netijesine görä, maýyplygy ýok aýallar bilen deňeşdirilende maýyplygy bolan aýallara ýakyn gatnaşykdaky ýoldaşlary tarapyndan has köp zulum edilýän bolsa, ýene bir barlag maýyplygy bolan aýallaryň jynsy zorluga has ýygy duçar bolýandyklaryny görkezdi.

Dowamy

  • 14 gezek okalan
1 1 1 1 1

i tipli suyjuli diabetI tipli süýjüli diabetli adamyň aşgazanasty mäzi insulin gormonyny bölüp çykarmaýar ýa-da ýetersiz mukdarda çykarýar. Insuliniň kömegi bilen gandaky şeker öýjüklere barýar we energiýa üçin harçlanýar. Insulin bolmasa gandaky şeker öýjüklere paýlanylmaýar we ganda üýşüp durýar.

I tipli süýjüli diabet dünýä ýüzünde ýetginjeklerde we ýaşlarda barha artyp barýar. Çagalar insulin ýetmezçiligine has duýgur bolýarlar we olarda diabet ketoasidozynyň ýüze çykma töwekgelçiligi ýokarydyr.

Dowamy

  • 97 gezek okalan
1 1 1 1 1

prezerwatiw peydalary

↪ 1990-njy ýyldan bäri prezerwatiwleriň barha köp ulanylmagy takmynan 117 million täze AIW ýokuşmalarynyň öňüni aldy.

↪ 2020-nji ýylda dünýä boýunça 15-49 ýaşlylaryň arasynda 374 million sany täze jynsy gatnaşyklar arkaly geçýän ýokançlyk hadysalary hasaba alyndy. Bu ýokançlyklaryň aglabasynyň prezerwatiwleri dogry ulanmak arkaly öňüni alyp bolardy.

↪ Erkek prezerwatiwleri dogry we her gezekki jynsy gatnaşykda ulanylanda niýetlenilmeýän göwrelilikden goranmakda 98% netije berýär, aýal prezerwatiwleri 95%.

↪ Jynsy gatnaşyklar we jynsy lezzet barada pozitiw gürlemek arkaly geçirilýän çäreler prezerwatiwleriň has köp ulanylmagyny gazanmakda oňaýly netije berýär.

↪ Prezerwatiw ulanmagy maslahat berlende tankylaýjy dilden uzak durup, adamyň mertebesini üns merkezinde saklamaly.

↪ Gender deňsizligi, esasanda romantik gatnaşyklardaky gender deňsizligi prezerwatiw ulanylmagynda uly päsgelçilik döredýär.

Haçanda dogry we yzygiderli ulanylanda, prezerwatiwler jynsy gatnaşyklar arkaly geçýän keselleriň, şol sanda AIW-iň we niýetlenilmedik göwreliligiň öňüni almak üçin howpsuz we örän netijeli çözgütdir.

Prezerwatiwleriň iki görnüşi bar: daşky (erkek) prezerwatiwler we içki (aýal) prezerwatiwler. Bularyň ikisi hem dogry ulanylanda ýokary netije berýär. Daşky prezerwatiwler has giňden ýaýran bolup, olar jynsy galtaşmadan öňürti erkegiň gönelen ujydyna geýdirilýän örtükdir. Içki prezerwatiwler hem köp ýerde elýeterli örtükdir we jynsy galtaşmadan öňürti waginanyň içinde oturdylýar.

Prezerwatiwler lubrikantlar bilen bile ulanylanda olaryň deşilme, sypma ýa-da gaçma ähtimallygy peselýär. Düzümi suwly esasly ýa-da silikon esasly lubrikantlary ulanmak maslahat berilýär, çünki onuň beýleki görnüşleri (ýagly, mesgeli ýa-da losonly) prezerwatiwleriň ýyrtylmagyna eltip bilýär.

Lubrikantlar prezerwatiwli geçirilýän waginal jynsy gatnaşyklaryň we esasan-da anal jynsy gatnaşyklaryň lezzetli we netijeli bolmagyna kömek edýär. Adamyň artbujagy (anus) jynsy gatnaşyk wagtynda wagina ýa-da ujyt ýaly tebigy taýdan ýeterlik derejede nemlenmeýär. Şonuň üçin anal jynsy gatnaşyklarda bol lubrikant ulanylmalydyr. Jynshananyň aýbaşydan galma bilen baglanyşykly guramasyny başdan geçirýän aýallara hem lubrikantlar peýda berip biler. Umuman, lubrikant ulanýan adamlar jynsy gatnaşygyň dowamynda agyryny we birahatlygy az başdan geçirýärler we gatnaşykdan has uly lezzet alýarlar.

Netijeliligi

Prezerwatiwleriň netijeliligi olaryň dogry ulanylyşyna baglydyr. Haçanda prezerwatiwler her gezekki jynsy gatnaşykda nädogry ulanylanda göwreliligiň döreme we AIW-i hem öz içine alýan jynsy gatnaşyklar arkaly geçýän ýokançlyklaryň ýüze çykma töwekgelçiligi artýar. Prezerwatiwleriň sypmasy ýa-da ýyrtylmasy sebäpli döreýän göwrelilikler ýa-da ýokançlyklar juda azdyr. Waginal, oral we anal jynsy gatnaşyklarda dogry we yzygiderli prezerwatiw ulanylanda jynsy gatnaşyklar arkaly geçýän ýokançlyklaryň ýokuşma howply örän peselýär. Prezerwatiwler adam bedeniniň bölünip çykmalary arkaly geçýän AIW, gonoreýa we hlamidioz ýaly ýokançlyklardan goraýarlar. Şeýle-de olar uçuk we adamyň papillomawirusy ýaly derä galtaşma arkaly geçýän ýokançlyklardan hem goraýarlar.

Netijeli bolmasy üçin prezerwatiwler Halkara standartlaşdyrma guramasynyň (ISO) standartlaryna we BSGG/UNFPA guramalarynyň kadalaryna eýermeli.

BSGG

  • 135 gezek okalan
1 1 1 1 1

gazagystanda stalking meselesini nadip cozmeliGazagystanda soňky wagtlarda ilat içinde stalking hadysalary barada aç-açan gürrüňler edilip başlandy. Meselem, Instagramda Gazagystanly aýal-gyzlaryň birnäçesi erkek adamlar tarapyndan hem onlaýn hem oflaýn haýbatlara we zuluma duçar bolandyklaryny we kazyýetiň jenaýatkärlere beren jezasy bilen kanagatlanmaýandyklaryny gürrüň berdiler.

Stalking – bu biriniň seni dowamly synlamak, irizmek, ýa-da yzarlamak arkaly hakyky durmuşda ýa-da internetde (kiberstalking) biynjalyk etmegidir. Bu hereket köplenç gorkuzmalary we haýbatlary hem öz içine alýar – bu hem pidanyň özüni howp astynda duýmagyna sebäp bolýar. Köp halatlarda stalking jenaýat bilen tamamlanýar.

Dowamy

  • 146 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

antibiotik durnuklylygyGartaşmak boýunça global birleşik (GCOA) we Amerikanyň ýokanç keseller jemgyýeti (IDSA) guramalarynyň 2024-nji ýyl üçin çykaran hasabaty dünýäniň iň öňdebaryjy ykdysadyýetleriniň antibiotiklere durnuklylyga garşy göreşmekde ösüş gazanandyklaryny, emma munuň ilat saglygyna we döwlet ykdysadyýetine ýetirýän zyýanlaryny azaltmakda has köp işleri etmelidiklerini görkezýär.

Dowamy

  • 139 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

tajigistan aiw2023-nji ýylyň 26-njy dekabrynda Täjigistanyň ýokary kazyýeti AIW ýokançlyklaryna garamak işi barada möhüm karary kabul etdi. Bu karara görä, ýurduň kazyýetleri AIW ýokuşdyrandygy üçin jenaýata çekilme işlerine seredenlerinde halkara kadalara we maslahatlara eýermeli bolarlar. Bu kadalaryň içine UNAIDS we BSGG tarapyndan öňe sürülýän "anyklap bolmaýar = ýokuşdyryp bolmaýar" düşünjesi hem girýär: ýagny, eger AIW bilen ýaşaýan adam antiretrowirus bejergisini alýan bolsa we bedeninde wirusyň mukdary anyklap boljak derejelerden pes bolsa, onda ol AIW keselini başgalara ýokuşdyryp bilmeýär.

Dowamy

  • 120 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

incekesele garsy goresTürkmenistanda derman serişdelerine durnukly inçekeseliň ýaýgyndygy sebäpli ýurt BSGG-nyň Ýewropa sebitinde inçekesel hadysalarynyň iň agdyklyk edýän ýurtlarynyň hataryna girýär. Türkmenistanda 2015-2020 ýyllar aralygynda inçekesel hadysalarynyň möçberini 20% azaldy, emma ölümçilik derejesi has haýal peselip, 2015-nji ýylda her 100 müň ilatda 12 adamdan 2019-njy ýylda her 100 müň ilatda 10 adama düşdi.

2018-nji ýylda täze inçekesel hadysalarynyň 23%-i we öňki bejerilen hadysalaryň 54%-i rifampisin dermanyna ýa-da köpsanly dermanlara durnukly (RR/MDR-TB) bolup çykdy. Bu 2013-nji ýylyň görkezijilerinden has ýokarydyr (degişlilikde 13.9% we 37.6%). 2018-nji ýylda ftorhinolon dermanlaryna (FQ) durnuklylyk hem giňden ýaýrapdy (31%). 2016-njy ýylda MDR-TB näsaglaryň diňe 54%-inde bejergi üstünlikli geçdi (sebit boýunça ortaça 57%).

Dowamy

  • 118 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

Içgeçmeincekesele garsy gores her ýyl dünýäde 500 müňden köp bäş ýaşdan kiçi çaganyň ýogalmagyna sebäp bolýar. Bu ölümleriň aglabasynyň amatly we oňaýly bejergi bilen öňüni alyp bolýar. BSGG içgeçmä esasy çäreleriň biri hökmünde suwa garyp içilýän elektrolit paketlerini maslahat berýär. Elektrolitler bedeniň suw-duz sazlaşygyny dikeldip, içgeçme sebäpli döreýän howply suwsuzlygy bejerýärler. Emma welin, dünýädäki içgeçme hadysalarynyň ýarysyna golaýynda näsaga elektrolit garyndysy berilmeýär.

Dowamy

  • 177 gezek okalan