MAÝYPLYGY BOLAN AÝALLARA WE GARTAŞAN AÝALLARA GARŞY ZORLUGA ÝETERLIK ÜNS ÇEKILMEÝÄR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

who habar beryarBütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) bellemegine görä, gartaşan aýallaryň, şeýle-de maýyplygy bolan aýallaryň zuluma duçar bolma töwekgelçiligi has uly bolsa-da, ýerli we halkara gözleglerde we derňewlerde olar ünsden düşürilýär. Bu toparlardaky aýal-gyzlaryň ýagdaýlaryna has içgin düşünmek we olara ýokary hilli goldaw bermek üçin, BSGG ýurtlary ýerlikli barlaglarydyr derňewleri geçirmäge çagyrýar.

Gender esasly zorluk boýunça häzire çenli geçirilen sanlyja barlaglar bu topardaky aýallara köp zorluk edilýändigini görkezýär. Barlaglaryň biriniň netijesine görä, maýyplygy ýok aýallar bilen deňeşdirilende maýyplygy bolan aýallara ýakyn gatnaşykdaky ýoldaşlary tarapyndan has köp zulum edilýän bolsa, ýene bir barlag maýyplygy bolan aýallaryň jynsy zorluga has ýygy duçar bolýandyklaryny görkezdi.

"Aýallara garşy zorlugy derňeýän barlaglaryň köpüsinde gartaşan we maýyplygy bolan aýallar hasaba alynmaýar – netijede dürli programmalar olara ýeterlik goldaw üpjün edip bilmeýärler. Aýal-gyzlaryň başdan geçirmeleriniň dürli-dürlüdigine düşünmek we olaryň hyzmatlardan peýdalanýandygyny we nädip peýdalanýandygyny bilmek zorlugyň ähli görnüşiniň soňuna çykmak üçin möhümdir." diýip, BSGG-da we BMG-nyň Aýallara garşy zorlukda maglumat we ölçegler üçin adam önelgeligi boýunça ýörite programmasynda tehniki ofiser Dr Lynnmarie Sardinha gürrüň berýär.

Ýakyn gatnaşýan ýoldaşyň tarapyndan edilýän zorluk we jynsy zorluk dünýäde gender esasly zorlugyň iň giň ýaýran görnüşleri bolup her 3 aýaldan 1-ne täsir edýär. Gartaşan aýallar we maýyplygy bolan aýallar bu görnüşli zorlugy başdan geçirýärler, onuň üstesine-de, idegçileri ýa-da saglyk işgärleri tarapyndan hem zuluma sezewar bolma töwekgelçiligine düşýärler. Meselem, mejbur edilmeler, derman serişdeleriniň ýa kömek ediji enjamlaryň berilmezligi, we maddy zorluk.

Zulum edilýän gartaşan aýallaryň we maýyplygy bolan aýallaryň şol bir wagtda köpçülikden çetleşdirilmegi hem mümkin – bu bolsa olara zorlukdan gaçyp gutulmagy we ol barada degişli edaralara arz etmegi has-da kynlaşdyrýar. Stigma we diskriminasiýa hem hyzmatlary we maglumatlary almakda bökdençlik döredýär.

"Zulum edijiler gartaşan aýallaryň we maýyplygy bolan aýallaryň garaşlylygyndan we ýekeliginden peýdalanýarlar. Zorlugy başyndan geçirýän ähli aýallara duýgudaşlyk bilen çemeleşip, ünsli ideg edilmeginiň gazanylmasy üçin hyzmat we kömek ulgamlary ýetişikli hereket etmeli" diýip, BSGG-da Life Cource Unit-de Hukuk we deňlik müdiri Dr Awni Amin belleýär.

  • 206 gezek okalan